DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

25.07.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen adamzadyň bagtyna gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz Türkmenistan iň sagdyn we bagtyýar adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň iň çetki obalaryny hem öz içine almak bilen bina edilen häzirki zaman mümkinçilikli sport-sagaldyş desgalary halkymyza sagdyn durmuşda, arassa we bagtyýar ýaşamagyň medeniýetini getirdi Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasynda durnukly ösüşi ilerletmekdäki umumyadamzat bähbitli parasatly tagallalary hem hut ynsanlaryň sagdyn gurşawda, medeniýetli jemgyýetde, ösen ykdysadyýetli bolçulykda bagtyýar durmuşyň hözirini görmeklerine gönükdirilendir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, dünýäniň 56 döwletiniň awtordaşlygynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýerde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edendigini hem bellemek gerek. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi. Alym Arkadagymyzyň öwredişi ýaly, welosipedli hereketleriň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, köpçülikleýin sport çäreleri sagaldyş we terbiýe beriş wezipeleri bilen bir hatarda, oňat keýpiçaglyk eçilýär, gyzykly hem peýdaly çäreleri utgaşdyrýar. Sporty ösdürmek, milletimiziň saglygyny berkitmek üçin zerur şertleri döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda umumyadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

Batyr Berdiýew, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň umumy bölüminiň uly iş ýöredijisi.