BAGTYÝARLYGYŇ BEÝANY

27.07.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň 17 — 19-njy maý aralygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleri, şäher häkimliginiň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň köpsanlysy tarapyndan zyýaraty amala aşyrdylar. Bu bolsa türkmen akyldarynyň edebi mirasynyň ähmiýeti we onuň dünýä ýüzünde wagyz edilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň şaýadydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş bolar diýip hasap edýärin» diýip bellemegi mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrdy.Ýeri gelende,TÜRKSOÝ-yň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly»,Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip ykrar edilendigini hem aýtmak gerek.

Şahyryň arzuwlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde amala aşyrylandygyny türkmen döwletiniň syýasatda, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda, ylym-bilim pudaklarynda, medeniýetde, saglygy goraýyşda, sportda gazanýan üstünlikleri aýdyň görkezýär. Akyldar şahyryň akyl-paýhasdan pürepür setirleri adamlara ynsaply, adamkärçilikli, geçirimli bolmagy ündeýär.

Şahyr öz şygyrlarynda adam mertebesine hormat goýmak, ata Watany, ene topragy söýmek, ata-enäni sylamak, alymlara, dana kişilere uýmak, halal zähmetiň eşretini görmek, berkarar döwleti gurmak ýaly pikirleri ündeýär. Bu arzuwlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sözüň doly manysynda, özüniň has aýdyň beýanyny tapdy. Ýakynda ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-dan Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawy- na girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy ähli halkymyzy buýsandyran taryhy waka boldy. Bilşimiz ýaly, bu çözgüt şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda düzümiň Pariž şäherindäki ştab kwartirasynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Yerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisiniň dowamynda kabul edildi. Şeýle hem, mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024 - 2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklipleriň, şol sanda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklibiň goldanylandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu taryhy wakalar Magtymguly Pyragynyň gymmatly mirasynyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem umumyadamzat hazynasyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir sözi dürden gymmatly akyldar şahyryň edebi mirasyny giň halk köpçüligine ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bimöçberdir. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eden ynsanperwer arzuwlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän, türkmen döwletini beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Aýbölek Nursähedowa, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.