BAŞ MAKSAT – HALKYŇ BAGTYÝAR DURMUŞY

30.07.2023

Ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýen parasatly sözleri taryhy eýýamymyzda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işler hem barha giň gerime eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen sport desgalarynda türgenleşikleri geçýän, sportuň dürli görnüşleri boýunça özara ýaryşlary guraýan dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlary göreniňde, guwanjyň, buýsanjyň artýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimizde mäkäm ornaşmagy, ilkinji nobatda, iň gymmatly baýlyk hasaplanylýan ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň prokuratura edaralarynda hem sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize has giňden ornaşdyrmak, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Arkadagly Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni has-da rowaçlandyrmak babatda alyp barýan beýik işlerine goşant goşmak maksady bilen, raýatlaryň arasynda wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirip durýarys, sport çärelerine işjeň gatnaşýarys.

Goý, mähriban halkymyzy sagdyn, bagtyýar, eşretli durmuşyň eýesi eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, dünýä nusgalyk işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Resul Nazarow, Balkanabat şäheriniň prokuraturasynyň sülçisi, 2-nji derejeli ýurist.