ÝAŞLAR HAKDA ALADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARYNYŇ BIRI

02.08.2023

Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaga bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Bu hukuk birnäçe kanunçylyk namalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şu ýerde Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kanunçylyk namalaryna salgylanyp bileris. Bilim ulgamyny düzgünleşdirýän esasy kanunçylyknamasy «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Kanunyň 4-nji maddasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň bilim hukuklarynyň döwlet kepillikleri giňişleýin beýan edilýär. Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine,diline, dine bolan garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan, "bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron dolanyşygy, programma üpjünçiligi, elektron bilim maglumaty gaznasy döredildi. Döwletimiz ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy rejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berip, raýatlarymyzy, ilkinji nobatda, ýaşlary häzirki zaman dünýä ylmyny we tehnologiýalaryny, tebigat ylymlaryny jemgyýeti öwreniş ylmyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny öwrenmek işine çekmäge ýardam edip, giň medeni we ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirip, bilim ulgamyna maýa goýumlaryny gönükdirýär.

Geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň esasyny düzýär. Şoňa göräde, jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň binýady hökmünde bilim ulgamyny ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaýyn işler depginli dowam etdirilýär. Kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarymyza laýyklykda durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birhatarda,orta mekdepler, çagalar baglary yzygiderli gurulýar. Ösen aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, döredijilik ukyply, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, işine ussat hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, täze ýokary okuw mekdepleri döredilýär, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri babatynda uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

Gadam Gurdow, Akdepe etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.