BAGTYÝAR DÖWRÜŇ HÖZIRI

05.08.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli zähmet ynsany bezeýär, ýaşaýşymyzy gözelleşdirýär. Zähmet döwletiň ösüşleriniň kepili bolup, ýurduň öňe ilerlemegine itergi berýär. Zähmet çekmek bilen adam öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär, sagdyn, ruhubelent ýaşaýar. Şonuň üçin zähmete söýgi bilen çemeleşmek her bir ynsanyň borjy bolup durýar. Belli bir käriň eýesi, öz saýlan hünäriniň ussady bolmak ynsany abraý-mertebä ýetirýär. «Hünär adamy däl-de, adam hünäri bezeýär», «Hünärli ýigit hor bolmaz», «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýlişi ýaly, hünär ynsany goldaýar, hor etmeýär. Islendik hünärde işläniňde, edýän işiňe hormat goýmaly, ony kämilleşdirmeli, halal zähmetiň bilen abraý almaga çalyşmaly. Şeýle edilende ynsanyň il içindäki hormat-sylagy has-da artýar, döwlet derejesinde abraýy beýgelýär.

«Türkmenistanda 2019 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça meýilleşdirilen toplumlaýyn çärelere we wezipelere laýyklykda, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web saýtynyň binýadynda «Iş üpjünçilik» bölümi döredildi. Bu bölüm boş iş orunlary, şeýle hem boş iş orunlary baradaky maglumatlary özünde jemlemek bilen, zähmet bazarynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrýar. Bu internet saýtyň «Iş üpjünçilik» bölüminiň üsti bilen iş gözleýän raýatlar bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tiz wagtda tanyşmak, iş berijiler bolsa gerekli hünärmen baradaky maglumatlary öwrenmek we saýlamak mümkinçiligine eýe bolmak bilen zähmete ukyply raýatlaryň işe ýerleşmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň islendik jemgyýetiň ösen derejesi tutuş ilatyň ýaşaýyş ýagdaýy, hususan-da, ilatyň zähmete bolan hukuklaryny we kepilliklerini üpjün etmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda döwletiň goldawyna mätäç ilat gatlaklarynyň, ýagny çagalaryň, ýaşlaryň, ýaş eneleriň we ýaşuly nesliň wekilleriniň durmuş üpjünçiliginiň döwlet tarapyndan kepillendirilişiniň ýagdaýy bilen kesgitlenýär. Bu kadalar adam hukuklary babatynda BMG tarapyndan kabul edilýän konwensiýalarda we ylalaşyklarda ykrar edilýän binýatlaýyn ýörelgelere daýanmak bilen, raýatlaryň durmuş hukuklarynyň goralmagyny we goldanylmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar» diýen çuň manyly sözleri bolsa her bir ynsany ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr. Bu konstitusion kadalar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda öz beýanyny tapýar. Zähmet kanunçylygynda kesgitlenilýän hukuk kadalary döwletimiziň zähmet hukuk gatnaşyklarynyň esas goýujy ýörelgelerini özünde jemleýär we raýatlaryň bu çygyrdaky hukuklaryny hem azatlyklaryny pugtalandyrýar. Raýatlaryň öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almak ýörelgelerini amala aşyrmak bilen, işgäriň ukyplaryny, hünär taýýarlygyny, bilimini ykrar etmek we jemgyýetçilik zerurlygyny hasaba almak bilen baglylykda üpjün edilýär. Döwletimiz adamlaryň dynç almagy we boş wagtyny peýdaly zatlara sarp etmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, her bir adamyň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr. Zähmet kanunçylygy zähmet işiniň prosesinde saglygy goramaklygy kepillendirýän kadalar ulgamyny belleýär. «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goramak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren we işsiz bolan halatynda, durmuş üpjünçiliginden peýdalanmaga hukugy bardyr. Ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny, döwletimiziň ösüşini aýdyň görkezýär. Her bir türkmeniň kalbyna ornan bu jümle döwletlilikden nyşandyr.

 

Maýsa Kurbanowa, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.