MAŞGALA MUKADDESLIGI GORALMALYDYR

08.08.2023

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgert- meler ata Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşözgerişli ýoluna kuwwatly itergi berýär. Raýat jemgyýetimizde kanunlaryň hökmürowanlygynyň üpjün edilmeginde, hukuk we maşgala gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginde netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Her bir maşgala jemgyýe- timiziň öýjügi bolmak bilen, maşgalalarymyzyň agzybirligi, mäkämligi, tutuş jemgyýetimiziň jebisligine ýardam edýär. Agzybir, jebis jemgyýetem öňünde durýan islendik wezipäniň oňyn çözgüdine ukyplylygy bilen tapa- wutlanýar. Şonuň üçinem maş- gala mukaddesligini goramak, şonuň esasynda maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmeklige uly ähmiýet berilýär. Maşgala mukaddesliginiň özenini onuň agzalarynyň özara düşünişmek we ýüze çykýan meseleleri agzybirlikde çözmek düzýär. Sebäbi, är-aýalyň özara ysnyşykly gatnaşyklary çaga terbiýesine oňyn täsirini ýetirýär. Şu ýörelge maşgala mukaddesliginiň esasy wezipesi bolup durýar.

Jemgyýetimizde maşgala gatnaşyklary Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň kadalary- na laýyklykda sazlaşdyrylýar. Döwrebap resminamada gürrüňi edilýän gatnaşyklaryň hukuk, guramaçylyk meseleleri kesgitlenilýär. Etrap prokuraturamyzyň işgärleri bu Kodeksi raýatlara düşündirmekligi üns merkezlerinde saklaýarlar.

 

Babajan Allaberdiýew.

Yolöten strap prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.