ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞA BOLAN HUKUGYŇ DÖWLET KEPILLIKLERI

12.08.2023

Her bir döwletiň häkimiýet edaralary bilen ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bähbitlerini sazlaşykly ösdürmek, raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ýaly syýasy wezipeleri bolup, olar bu ugra gönükdirilen ýörite döwlet institutlary tarapyndan amala aşyrylýar. Häzirki döwürde agzalan wezipeleri durmuşa geçirýän edaralary kämilleşdirmek, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halk häkimiýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda uly işler edilýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi we halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi bu ugra gönükdirilen işlerde ähmiýetli orun eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň şu ýylyň 20-nji aprelindäki mejlisinde eden çykyşynda degişli edaralara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Geňeşleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly üstlerine ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, raýat jemgyýetini yzygiderli ösdürmek üçin degişli işleri geçirmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklary döwletimizde wajyp ähmiýete eýe bolan bu edaranyň esaslanýan ýörelgelerine pugta eýerýändiginiň anyk güwäsine öwrüldi.

Geňeşler degişli dolandyryş çäk birliklerinde ýaşaýan ýaşaýjylar tarapyndan saýlanylýan wekilçilikli edara bolmak bilen, raýatlaryň isleglerini we tekliplerini beýan edýän ilkinji basgançakdyr. Döwlet häkimiýet edaralarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz işlerini ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdak alyp barmak üçin zerur şertleri döretmekleri, degişli çäklerde saýlanan arçynlaryň, Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryna, hukuklaryna we borçlaryna jogapkärçilikli çemeleşmekleri raýatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmaga bolan hukuklarynyň dabaralanmagynda, raýat jemgyýetiniň pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda eden çykyşynda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Sebäbi kanunçylygy kämilleşdirmek jemgyýetimiz we döwletimiz üçin wajyp wezipeleri çözmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Kanuna laýyklykda, degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ýerli sala salşyklara, saýlawlara, ýygnaklara gatnaşmak arkaly, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryşyň saýlawly edaralarynyň ýa-da ýygnaklarynyň üsti bilen ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrýarlar. Ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny Geňeşler we şol çäkdäki jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary emele getirýärler. Türkmenistanyň Konstitusiýasy Geňeşlere degişli çäkde çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek, býujeti düzmek, tassyklamak, onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat taýýarlamak, salgytlary, ýygymlary, olary almagyň tertibini bellemek, özüne degişli eýeçiligi dolandyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri kesgitlemek, jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga ýardam etmek, kanun tarapyndan Geňeşiň ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek ýaly ygtyýarlyklary berýär.

Raýatlar milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da beýleki ýagdaýlara garamazdan, göni hem-de özleriniň saýlan wekilleriniň üsti bilen ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmakda deň hukuklara eýeçilik edýärler. Raýatlaryň deňhukuklylyk ýörelgesi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 1-nji maddasynyň: «Ähli adamlar mertebe we hukuklar babatda azat hem-de deň bolup dogulýarlar», 7-nji maddasynyň: «Ähli adamlar kanunyň öňünde deňdirler we olaryň hiç hili tapawutsyz, kanunyň deň goragyna hukugy bar» diýen kadalaryndan gözbaş alýar. Munuň özi ýurdumyzyň goşulan we tassyklan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny pugta berjaý edýändigini subut edýär.

Raýatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmaga bolan hukugynyň çäklendirilmegi kanun esasynda gadagan edilýär. Bu hukuk raýatlaryň syýasy, şol sanda saýlaw hukuklary bilen baglanyşyklydyr. Esasy Kanunymyza laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga, döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga hukuklary bar. Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen, şeýle hem azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çäresini çekýän raýatlardan beýleki raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegi ýol berilmesizdir we ol kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Döwlet häkimiýet edaralary raýatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryşy amala aşyrmaga bolan hukuklarynyň döwlet kepilliklerini üpjün edýärler. Olar ýerli öz özüňi dolandyryş edaralarynyň öz işini ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdak alyp barmaklary üçin zerur şertleri döredýärler hem-de raýatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryşa gatnaşmaga bolan hukuklaryny amala aşyrmaklaryna ýardam berýärler.

Döwlet maşgaladan başlanýar. Her bir maşgalanyň ýagdaýy, olary goldamagyň ýollary we beýleki meseleler, ilkinji nobatda, degişli çäkde saýlanylan halk wekillerine mälimdir. Şu nukdaýnazardan her bir maşgaladan başlap, tutuş jemgyýetde jebisligi berkitmekde, raýatlaryň başarnyklaryny il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirmekde, olaryň hukuklaryny we borçlaryny bilmeklerini gazanmakda Geňeş agzalaryna möhüm orun degişlidir. Raýat öz hukuklarynadyr borçlaryna dogry düşünen ýagdaýynda öz hukuklarynyň bozulmagyna ýol bermeýär we başgalaryň hukuklaryny bozmaýar. Jemgyýetde tertip-düzgüni, kanunylygy, ýokary raýat jogapkärçiligini we syýasy sowatlylygy üpjün etmekde munuň ähmiýeti ýokarydyr. Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Geňeşleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek, Arkadagly Serdarymyzyň bu edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak üçin kanunçylygy kämilleşdirmek babatda öňde goýan wezipeleriniň halkymyzyň abadan durmuşyny, nurana geljegini nazarlaýandygyndan habar berýär.

 

Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.