Habarlar
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi — parahatçylygyň, dostlugyň we jebisligiň kepili
18.12.2022
Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna baýramçylyk mynasybetli iberen Gutlagynda dünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksadynyň adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramak bolup durýandygy nygtalýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabatda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň Bitaraplygyna bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
16.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatlary diňlenildi. Gün tertibine şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, şeýle hem degişli pudaklaýyn düzümleriň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi.
Ýylyň başyndan bäri Milli Geňeşiň Mejlisiniň maslahatlarynyň 5-si geçirildi. Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 25-si kabul edildi. Şol döwürde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem birnäçe beýleki kanunçylyk namalary kabul edildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
15.12.2022
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kadalaşdyryş-barlag bölüminiň başlygy Sergeý Ýurýewiç Gusarowy,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Baş gazgeçirijiniň ugrundaky «Derýalyk» önümçilik edarasynyň ugur ulanyş gullugynyň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Bekmyrat Saryýewiç Nurmädowy,
Giňişleýin
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi
14.12.2022
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa, ynsanperwer ulgamy, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ulgamlara degişli bu teklipleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylmagy olaryň möhümdigine şaýatlyk edýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde çykyş edýär. Bu duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna has oňaýly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda munuň üçin ähli şertler, şol sanda zerur infrastruktura döredildi. Şu gezekki sammitiň Hazaryň kenarynda geçirilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Hazar sebiti ägirt uly kuwwata eýe bolup, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglaýjy köprüdir. Munuň özi ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri emele getirýär.
Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
12.12.2022
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi halklary we döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Mundan 27 ýyl ozal — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi dünýä taryhynda örän ähmiýetli wakadyr. Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
09.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy — Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris diýip nygtady hem-de ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýar durmuş we uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ählihalk baýramlarynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli degişli topar tarapyndan geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
08.12.2022
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe geçirilen işler, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly çäreler, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen harby-taktiki okuwlaryň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we durmuş ugurly meseleleri çözmek barada-da aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryny Ýaragly Güýçlerden gullukdan boşatmagyň we harby gulluga çagyrmagyň barşy barada aýdyldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
07.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi.
Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de öz kärdeşine we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň, gepleşikleriň biziň doganlyk döwletlerimiziň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak işine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şu ýyl ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellediler.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
05.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça görülýän çäreler, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, häkim bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, häzirki wagtda bugdaýa gögeriş we ösüş suwunyň tutulýandygy, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy, welaýatda pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi barada habar berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady
04.12.2022
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we ýurduň ähli halkyna Tailandyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Maha Wajiralongkorna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Tailand Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Katar Döwletinde boldy
03.12.2022
Şu gün Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katara sapar bilen baran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.
Türkmenistanyň Baştutanynyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga neneňsi uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu sport baýramçylygy Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçulary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini bir ýere jemledi.
Döwlet Baştutanymyzyň uçary Katar Döwletiniň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, Doha şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Katar Döwletiniň Döwlet ministri Şeýh Fahd bin Faýsal Al Tani hem-de türkmen Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Halifa stadionyna tarap ugrady. Stadionyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda hormatly Prezidentimiziň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine berk ynam bildirdiler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen özara düşünişmek hyzmatdaşlygynyň işjeňlik bilen ösdürilýändigini, dünýäniň geosyýasy we geoykdysady giňişliginde iki dostlukly döwletiň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
02.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler öwrenilýär, kanunylygy, hukuk tertibini berkitmek, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi
30.11.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine we ýurduň ähli halkyna özüniň hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy hem-de iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň dost-doganlyk häsiýetine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini nygtady.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň Prezidentini gutlady
29.11.2022
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz öz hatynda belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kais Saide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Tunis Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.11.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, welaýatda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada habar berdi. Welaýatda pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Giňişleýin