Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

21.11.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy we baýlaşdyryldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

19.11.2022

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda 9-njy noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle-de komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Olarda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar berildi. Ilki bilen, Mejlis tarapyndan kabul edilen “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler bu resminamanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylandygyny, notarial işiniň esasy ýörelgeleriniň notariusyň hukuk derejesi bilen sazlaşygyna gönükdirilendigini bellediler.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18.11.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji noýabrynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Maslahatda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamalaryna garaldy. “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň garamagyna ugradyldy. Şeýle-de ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Mejlisiň wekilleri degişli döwlet edaralary bilen bilelikde halkara guramalar tarapyndan guralan hem-de döwlet dolandyryşynyň usulyýetiniň esaslary, adam we ynsanperwer hukuklar babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, logistika, ulag düzümlerini ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak we uýgunlaşma çäreleri bilen baglanyşykly maslahatlara, duşuşyklara gatnaşdylar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

16.11.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de söhbetdeşlikde nebitgaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň salamyny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Eýranyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarda taryhy we medeni köklere ygrarlydygy tassyklanyldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli şerti bolup durýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

15.11.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

14.11.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde talabalaýyk alyp barmak, Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär, bugdaýa ideg etmekde oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär. Şeýle hem 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

13.11.2022

Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 91 075 686,0 müň manat we çykdajylar boýunça 90 097 999,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklamaly. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa. Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 12-nji noýabry.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

12.11.2022

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibinde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldylar. Deputatlaryň garamagyna çykarylan resminamalar Mejlisiň ähli komitetlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ministrilklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikleri, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy çemeleşmelerini hem-de ýörelgelerini, onuň girdeji bölegini döretmegiň aýratynlyklaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

11.11.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri hukuk taýdan goldamak, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. 9-njy noýabrda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynyň geçirilendigi habar berildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan kabul edildi. Mundan başga-da, hereket edýän kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça hukuk namalary kabul edildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda” kararynyň taslamasyna garaldy we kabul edildi. Mejlisiň maslahatynda kabul edilen Kanunlar Halk Maslahatynyň garamagyna hödürleniler.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze möhüm desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

09.11.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi hökmünde garap gelýär. Geçmişde ata-babalarymyz suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin howdanlary, kärizleri, köp sanly beýleki suw ulgamlaryny gurup, ýaşaýyş çeşmesi bolan suwuň her damjasyny örän netijeli ulanmagy başarypdyrlar. Halkymyz suw damjasyny altyn dänesine deňäp, ony aýawly ulanmak däbini nesilden-nesle geçirip gelýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

07.11.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň barşy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, aýratyn-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, Hasyl toýuny dabaraly belläp geçmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlaryň we pagta hasylyny daşaýan tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işi üpjün edilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi

05.11.2022

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şu gezekki köpçülikleýin çäre adaty bir çäre bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli, yzygiderli işleriň nyşany boldy. 31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda hem bu meselä aýratyn üns berildi. Şonda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine bu ählihalk çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

04.11.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, on aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanýar. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

02.11.2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün etmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýanwar — oktýabr aýlarynda geçirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, serkerdeler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak, Ýaragly Güýçler üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň döredijilik kuwwaty — halkymyzyň we bütin adamzadyň bähbidine

01.11.2022

Ata Watanymyzyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny, ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde goýlan harby tehnikalary, harby söweşjeň uçarlary, dikuçarlary we goşun bölümlerinde üpjünçilik maksady bilen ulanylýan dürli görnüşdäki harby uçarlary, täze gelip gowşan häzirki zaman harby uçarlaryny synlap, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi.

Giňişleýin