Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna bardy

14.10.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek, bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy gün tertibini wajyp meselelerini çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, ählumumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar.

Giňişleýin
«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjylara

11.10.2022

Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar! Sizi «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanda halkara derejede festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy kemala getirmekde şeýle çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny Ýer ýüzüne giňden wagyz etmekde, dünýä halklarynyň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda halkara derejeli festiwallara möhüm orun degişlidir.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

10.10.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine

09.10.2022

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri! Sizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni okgunly ösüşler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän bu hünär baýramynyň şanyna geçirilýän dabaralaryň siziň durmuşyňyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna pugta ynanýaryn. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda gowy netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

07.10.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli amala aşyrýar. Şu oňyn strategiýada abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

06.10.2022

Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

05.10.2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz türkmen döwletinde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýanwar — sentýabr aýlarynda amala aşyrylan we ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Ýaragly Güýçleriň degişli düzümlerinde harby okuw-türgenleşik işlerine taýýarlyk, şol sanda guryýer, harby-howa we harby-deňiz goşunlarynda alnyp barylýan tälim beriş, türgenleşik çäreleriniň netijeleri barada hem hasabat berildi.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

04.10.2022

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Türkmenistanyň milli baýramy mynasybetli fransuz halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa bagt hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edýärin. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Parižde täze ilçisiniň bellenilmegini mübärekleýärin. Onuň gatnaşyklarymyzyň ösdürilmeginiň bähbidine işlejekdigine ynanýaryn. Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga tüýs ýürekden ygrarly bolup, ykdysady, oba hojalygy, ekologiýa, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek babatda bilelikde işläp biljekdigimize ynanýaryn. Biziň kompaniýalarymyz özleriniň nou-haularyny Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hyzmatynda goýmaga taýýardyr.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

03.10.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de “ak altyn” hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda geçirilýän çäreler, bu möhüm möwsümde pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehniki möhletlere laýyklykda gögeriş suwy tutulýar, ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki ekinlere ideg etmek hem-de ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnap almak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Giňişleýin
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa iş sapary

02.10.2022

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň wekilleri, bu dostlukly ýurduň käbir iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň bu iş sapary türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Tokionyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Ýaponiýanyň resmi wekilleri garşyladylar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

30.09.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatynda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda iş toparlarynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary taýýarlanylýar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, hereket edýän kanunlaryň birnäçesine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu maslahatdaky çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, döwlet syýasatyny wagyz etmek we kanunçylyk namalaryny ilata düşündirmek babatda alnyp barylýan işleriň ilerlemegine ýardam edýän anyk çäreler işlenip taýýarlanylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini gutlady

28.09.2022

Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa dabaraly çäräniň geçirilmegine taýýarlyk barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

27.09.2022

Şu gün türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Gündogaryň ajaýyp şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgy setirlerinde waspy ýetirilen türkmen halkynyň garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl boldy. Watanymyzyň iň täze taryhy hut şu ykbal çözüji pursatdan gözbaş alýar. Bu gün Garaşsyzlygyň Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň biri hökmünde berkarar bolmagy, daşary ýurtlar, iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýady döredendigini ynamly aýtmak bolar.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

26.09.2022

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň ähli raýatlaryna Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin. Taryhdaky bu aýratyn pursat bize bir maşgala hökmünde bilelikde işlemegiň zerurdygyny ýatladýar. Her bir ýurt öz milli serhetleriniň çäginden has alyslara çykýan meseleleriň — dünýämizi gurşap alan COVID-19 pandemiýasyndan başlap, barha artýan garyplyk, deňsizlik we adalatsyzlyk, adatdan daşary howa ýagdaýlary, gapma-garşylyklar bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine öz goşandyny goşmalydyr. Şu aýratyn günde Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrjakdyklaryna hem-de ähli adamlar üçin has gowy, has adalatly, parahat durmuşy gurjakdyklaryna Birleşen Milletler Guramasynyň bil baglap biljekdigine ynanýaryn. Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Antoniu GUTERRIŞ, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerindäki awtomenzilleriň açylyşyna ak pata berdi

24.09.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary baýramçylyk wakalarynyň öwüşginini has-da artdyrdy. Şanly seneleriň öňüsyrasynda möhüm ähmiýetli desgalaryň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artýandygyna, durmuş taýdan depginli ösüşine aýdyň şaýatlyk edýän ajaýyp däbe öwrüldi. Munuň özi eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň geriminde hem öz beýanyny tapýar. Täze ýolagçy awtomenzilleriniň ulanmaga berilmegi döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geografik taýdan örän amatly ýerde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolup, ondan has netijeli peýdalanýar.

Giňişleýin