Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

10.07.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýete geçmegi bilen bagly ýerine ýetiriji häkimiýetiň we döwlet edaralarynyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny häzirki zamanyň talaplaryna görä ösdürmek, öz-özüňi dolandyrmak we täze ykdysady şertlerde ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de toplumlaýyn dolandyrmak, bu pudaklaryň ykdysady erkinligini giňeltmek arkaly işiniň hilini we edýän hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmeli. 2. «Türkmendemirýollary» agentligini, «Türkmenaragatnaşyk» agentligini, «Türkmenawtoulaglary» agentligini, «Türkmenhowaýollary» agentligini hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna bermeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

10.07.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy. Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de amala aşyrylan işlere baha berildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe söz berdi. Ol 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy

08.07.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Biraz salymdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Garabogaz aýlagyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz aýlagyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsine geldi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

06.07.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz gutlaglary hem-de mähirli sözleri üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik esasda guralýan hem-de dürli ugurlary gurşap alýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň okgunly depginini kanagatlanma bilen belledi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

03.07.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hökümet mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere geçip, milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny seljermek we kämilleşdirmek hem-de olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny düzümleýin üýtgetmek boýunça geçirilen özgertmeleri nazara alyp, kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky Döwlet toparynyň täze düzümini tassyklamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleri girizmek hakyndaky teklibi hödürledi. Bu çözgüt döwlet emlägini hususylaşdyrmak işini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

02.07.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägine, şol sanda maddy serişdelere gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýazky çagyryş çäresiniň netijeleri barada aýdyldy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri doglan güni bilen gutlaýarlar

30.06.2021

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan öz ösüşinde uly üstünlikler gazandy hem-de häzirki wagtda dünýä giňişliginde mynasyp orun eýeleýär. Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn nygtamak isleýärin. Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga we syýasy özara düşünişmäge esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we ösdüriljekdigine berk ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Sadyr Žaparow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

28.06.2021

Mähriban halkym! Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asyrlara ýaň saljak tutumly işler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda düýpli ösüşler gazanylyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Dünýäniň häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlary, kämil tehnologiýalary, sanly ulgam ýurdumyzyň ähli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna giňden ornaşdyrylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler medeniýet ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny yzygiderli kämilleşdirmek, täze eserler bilen baýlaşdyrmak, medeniýet we sungat işgärlerini, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri çeper döredijilige höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak maksady bilen, bu ugurda zerur işleri alyp barýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda medeni ulgamyň ösüşi aýratyn orny eýeleýär. Medeniýetiň we sungatyň ösmegi ilatyň medeni aň-bilim derejesini, nesilleriň ruhy kämilligini, sowatlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamak hem-de kiçi we orta telekeçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, ugurdaş, abraýly düzümlerden bähbitli şertlerde karz serişdelerini çekmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy

24.06.2021

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlanan konsert hem boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze howa menziliniň ulanylmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady

23.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden uçup, biraz wagtdan soň, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimiz mähirli garşylandy. Welaýat häkimi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitiň gallaçylarynyň döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň kanunçykaryjylyk edarasynyň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda birnäçe täze kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegi talap edilýän kanunçylyk namalary seljerilýär. Bu işler durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Mejlisiniň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň esasynda alnyp barylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisi

19.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, dünýäde koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy zerarly, şu gün Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirmek barada karara gelnendigini belledi. Häzirki wagtda dünýäde koronawirus keseliniň täze-täze görnüşleri ýüze çykýar. Aýry-aýry ýurtlarda onuň eýýäm 14 müňden gowrak görnüşi hasaba alyndy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň kanunçykaryjylyk edarasynyň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda birnäçe täze kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegi talap edilýän kanunçylyk namalary seljerilýär. Bu işler durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Mejlisiniň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň esasynda alnyp barylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

16.06.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Giňişleýin