Habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
05.11.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdrahmanow Şahyma käýinç yglan edildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.11.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Giňişleýin
Habar
05.11.2021
2021-nji ýylyň 2-4-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy (UNODC) bilen bilelikde Günbatar we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin aktiwleri yzyna gaýtarmak boýunça pudagara toruna (ARIN-WСA) agza ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Aktiwleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak” atly okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Merkezi bankynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäräniň maksady kriptowalýuta, gozgalýan we gozgalmaýan emläk aktiwleri dolandyrmak babatynda oňyn tejribeleri öwrenmekden ybaratdyr.
Giňişleýin
Resmi habar
04.11.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Rejepow Döwletgeldi Jumadurdyýewiçe käýinç yglan edildi.
Giňişleýin
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdirine berk käýinç yglan edildi
03.11.2021
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Ataýew Wepaly Durdymuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11.2021
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.11.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
01.11.2021
Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Karary
31.10.2021
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 87 848 186,0 müň manat we çykdajylar boýunça 87 608 676,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklamaly.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy
29.10.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň bu wakasy ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamynyň ornunyň artmagynyň, onuň sebit we ählumumy multimodal gatnawlar ulgamynyň goşulyşmagynyň hasabyna Watanymyzyň geoykdysady kuwatyndan doly peýdalanmak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.10.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen, 22-23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi
27.10.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.10.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bilelikdäki beýannamasy
25.10.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy.
Döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk, doly özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
25.10.2021
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasyndaky Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Saýlawlaryň netijesi Siziň ýurduň gülläp ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň yzygiderli artmagyna hem-de Özbegistanyň doganlyk halkynyň abadançylygyna gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň ählihalk goldawyna eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda belleýär hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan oňyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň nurana geljeginiň bähbidine mundan beýläk hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Giňişleýin