YLYM — NURANA GELJEGIMIZ

22.09.2023

Ylym-bilim diýlende, ýurduň ähli ugurlardaky ösüşleri göz öňüňe gelýär. Ylym adamyň jemgyýetde özüni alyp barşyna-da, ahlak sypatlaryna-da, sözleýşi medeniýetine-de täsirini ýetirýär. Şu ýerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: “Alymlara uýsaň açylar gözüň, Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen” diýen pähimli jümlelerini ýatlasak, ýerlikli bolar. Bu setirler köňüllere barýan ylym ýolunda adamzat ogluny okamaklyga, bilmeklige, sowatly, bilimli bolmaklyga çagyryş bolup ýaňlanýar.

Ylym öwrenmek ynsan üçin hiç haçan hem giç däl. Bilimi sallançakdan ömrüň ahyryna çenli öwrenmeli. Pederlerimiz: “Miras galjak iň ýagy zat ylymdyr”, “Akyl iň gözel zynat, ylym iň ýagşy baýlyk”, “Ylym egsilmeýän uly hazynadyr. Akyl hiç solmaýan täze lybasdyr”, “Ylymsyz bir ýaşar, ylymly müň” diýip, örän jaýdar belläpdirler. Sebäbi, ynsan ýaşaýyny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.

Öňde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, “Eger-de ýaşaýyş-durmuş aladaňyz bary-ýogy bir ýyllyk bolsa, bugdaý ekiň, eger ol bäş, on ýyllyk bolsa miweli, ir-iýmişli baglary ýetişdiriň. Aladaňyz has uzagyny — ýaşaýyş-durmuş ýörelgäňiziň dowamat-dowam bolmagyny nazarlaýan bolsa, onda özüňize mynasyp nesli kemala getiriň. Oňa hat-sowat, ylym-bilim hem edep-terbiýe beriň” diýip, wesýet edipdir. Şu tymsaldan hem görnüşi ýaly, ylym-bilim ähli nygmatlaryň başy hasaplanylýar. Biziň döwletimizde bolsa ylym-bilim syýasaty berkden tutulýar.

Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag ilerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Bu barada “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Onda ylmy edaralaryň innowasion we önümçilik işleri, ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýy, maksatlary, wezipeleri, ygtyýarlyklary, olaryň görnüşleri, ylmy edaralaryň işleriniň döwlet tarapyndan sazlaşdyrylmagy kesgitlenilýär.

Ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek ugrunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde hem netijeli işler alnyp barylýar. Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi giňeldilýär hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi gowulandyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky gaznasy hem-de Ylmy ösdürmek gaznasy hereket edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Mak- satnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezi döredildi. “Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilledirmegiň maksatnamasy” we Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Bu maksatnamalar ylym ulgamynda belentlikleri nazarlaýan halkymyzyň bagtly geljeginiň, ýagty ertiriniň güwänamasydyr. Türkmenistan bilim iine dünýä ülňülerini ornadyryp, yn- sanperwer ulgamda Birleen Milletler Guramasy bilen özara gatnayklary pugtalandyrýar. Türkmenistan 2014 — 2016-njy ýyllar üçin, soňra bolsa 2017 — 2020-nji ýyllar üçin BMG- -niň ösü maksadynda Ylym we tehnika komissiýasyna iki gezek saýlanyldy.

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky tab-kwartirasyndan gelen ha- baryna görä, häzirki wagtda Türkmenistan Birleen Milletler Guramasynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Durmu ösü komissiýasynyň hem-de 2021 — 2024-nji ýyllar üçin ösü maksadynda Ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Bu bolsa döwletimiziň dünýä derejesindäki ab- raý-mertebesini has-da belent derejelere galdyrýar.

Türkmenistanyň ylym ulgamyny sanly ulgama ge- çirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologi- ýalary toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Bu strategik taýdan ähmiýetli maksatnamalaryň durmua geçirilme- gi ylym ulgamyny kämilledirmäge itergi berdi. Sanly bilim ulgamyny kemala gelmegi dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ylym bilen önümçiliginiň arasynda ysnyykly gatnayklary ýola goýmaga, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň dolandyrylmagyny ylmy taýdan esaslandyrmaga mümkinçilik döretdi. Bulardan baga- -da, ylmy-barlag işläp taýýarlamalaryny, ýalary ylma çekmek, inžener-tehnologik hem-de telekeçilik ii üçin zerur bolan täze programma üpjünçiligini döretmek ii- niň ijeňledirilmegine ýardam edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyy: Türk- menistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmu-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösüleriň täze menzillerine ýetirer. Gahryman Arkadagymyzyň: «Gün bolmasa nur, kök bol- masa daragt, ylym we bilim bolmasa bagtyýarlyk bolmaz. Ylym egsilmez hazynadyr» diýen parasatly sözleri bol- sa, biziň her birimizi bilim, ylym dünýäsine aralamaga ruhlandyrýar.

Maýsa Kurbanowa Welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçiriniň weziperini ýerine ýetiriji 1-nji derejeli ýurist.