ÖMÜR DOWAMATYNYŇ MANYSY

25.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş- lygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkyna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly eserleri il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň has-da baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty atly täze kitabynyň çapdan çykmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň türkmen ili üçin ýene bir guwançly wakasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu täze eserinde şeýle setirler bar: “Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli des- terhan ýalydyr. Paýhaslar-nygmatlar elde däl-de, aňda göterilýär. Bu saçagyň du- zundan dadan her kimse ata-babalaryň arzuwyna, ene-mamalaryň hüwdüsine, aga-inileriň yhlasyna siňen, ömrüň dürli menzillerinde nesil terbiýesine gerekli

bolan ähmiýetli maglumatlary okap, öwrenip biler. Ynsanyň bagtyýarlygy diňe ýazgydyna däl-de, oňa siňdirilen terbiýä hem baglydyr”. Görşümiz ýaly, şu setirlerde ynsan ömrüniň manysy, edep-terbiýäniň iňňän uly ähmiýeti dogrusynda çuňňur many-mazmun bar.

Milli Liderimiziň öň okyjy- laryna gowşan kitaplarynyň dowamy bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty atly täze kitaby “Ömrümiň manysy — il-halkym, “Hakydada orun alan pursatlar, “Ýagşy adam ýat- dan çykmaz, “Watan — enäniň kalby, “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda, “Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi, “Mer- tebeli ýaşaýşyň manysy we “Ömrüňiz uzak bolsun! ýaly, bölümlerden ybarat bolmak bilen, olarda döwletli döwranymyz, şan-şöhratly taryhymyz bilen bagly çuň manyly oý-pikirler, garaýyşlar çeper beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň okyjylaryna öň sowgat beren gymmatly eserleriniň dowamy bolan täze kitabynyň okyjylarda uly gyzyklanma dörejekdigini ýatlamak ýakymlydyr.

Mekan Annamyradow Baýramaly şäher prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist. (goyuldy)