MILLILIK — MILLETIŇ MERTEBESI

12.11.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň köp asyrlyk durmuş tejribesi esasynda toplanan milli mirasymyzy, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýap we gorap saklamak hem--de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär.

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, medeni ojaklarda halkymyzyň aýalyp, goralyp saklanylýan baý milli mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň her biriniň hasaba alnyp, ylmy taýdan öwrenilmegi hem-de olaryň ähmiýetiniň açylyp görkezilmegi bilen, bu ugurda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzda hereket edýän «Medeniýet hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary medeni gymmatlyklarymyzyň goraglylygynyň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

Ene-mamalarymyz milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, örüm örmek, dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleri bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelipdirler. Pähim-paýhasdan gözbaş alýan köpöwüşginli ol nusgalyk el işleri gyz-gelinlerimiz tarapyndan häzirki wagta çenli ýöredilip gelinýär. Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiligiň möhüri basylan el hünäri zenanlarymyzyň döredýän gözelligidir, abraý-mertebesidir.

Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat eje ýürek mährini siňdirip, sünnäläp, ýokary derejä ýetiren kürtesini hem-de ören gülli jorabyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmak bilen, halkymyza nusgalyk görelde görkezipdi. Mähir siňen bu nepislikler etnografiýa gymmatlyklarynyň sanawyna goşulyp, muzeýiň gaznasyny baýlaşdyrdy. Şeýle hem asylly maksatlary özünde jemleýän muzeýlerde medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek işlerini has kämilleşdirmäge, işjeňleşdirmäge uly itergi berdi. Bu gymmatlyklar muzeýe gelýän myhmanlarda, aýratynda, geljegimiz bolan ýaş nesillerde milli sungatymyza, el işlerine söýgi döretmekde, terbiýelemekde we asylly sypatlary kämilleşdirmekde nusga hökmünde uly orun eýeleýär.

Türkmen zenanlarynyň milli el işleriniň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenmegi, möhüre öwrülen kespkärlerimiziň kämilliginden habar berýär. Ogulabat ejäniň mundan 50 ýyl öň bejeren kürtesiniň, ören gülli jorabynyň halkymyzyň taryhynyň ýaşaýan ýeri bolan muzeýe gowşurylmagy gelin-gyzlarymyzyň şeýle sünnä sungatynyň dowamat-dowamlygynyň subutnamasydyr.

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi-de, türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň görnüşi bolan alajalar hem aýratyn bir sungatdyr. Türkmen gelin-gyzlary işilen, örülen alajalary lybaslaryna köňül isleglerine görä oturtmak bilen, olaryň gözelligine gözellik goşupdyrlar. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ýaşaýyş-durmuşynda kämilleşip gelen urp-adatlaryndan, ynançygtykatlaryndan bilşimiz ýaly, alajalar adamy gözden-dilden goraýar diýip yrym edilipdir. Alajalar diňe bir egin-eşiklere berkidilmek bilen çäklenilmändir. Bu milli el işiniň nämährem nazarlardan goraýandygyna ynanan enelerimiz olary balaçagalarynyň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar, sallançakbag, gundagbag üçin alaja örüpdirler. Öýüniň gapysyna, hojalykda ulanylýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly öý mallarynyň, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atynyň hem boýnuna alaja dakmak halkymyzyň ýörgünli däbidir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda belleýşi ýaly: «El işleriniň görnüşlerinde ak bilen gara reňkiň gezekleşdirilip döredilýän gözdendilden goramak güýjüne eýe bolan alaja nagşyna orun berilmegi hem halkymyzyň ak reňkiň jadysyna ynanýandygynyň özboluşly nyşanydyr». Ene-mamalarymyz alajalaryň ynsany göze görner-görünmez bela-beterlerden goraýandygyna ýüregi bilen ynanypdyrlar.

Türkmen zenany eli çeperligiň, kalby joşgunlylygyň, ýüregi mähir-muhabbetliligiň, edep-ekramyň mekdebidir. Türkmen zenanynyň işeňňirlik, öňdengörüjilik, asyllylyk bilen ýerine ýetirýän sadadan sypaýy el işleri dünýä nusgalykdyr.

Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň goragly, aýawly saklanylmagyny üpjün etmek, onuň baýlaşmagyna, döwrebap röwüşde kämilleşmegine zerur şertleri döretmek belent mertebedir. Şeýle asylly ýörelgeleri döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwren, türkmen milliliginiň, milli gymmatlyklaryň geljekki nesillere ýetirilmeginde, dünýä ýaýylmagynda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun.

Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyn Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.