09.02.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2023-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,3 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime, söwdada 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,9 göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy.
Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynda hem-de şu ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen gaýragoýulmasyz wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Şeýle-de ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 109,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,1 göterim, çykdajy bölegi 99,9 göterim derejede ýerine ýetirildi. Şeýle hem 2023-nji ýylda balans toparlarynyň jemi 100 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 80 mejlisi geçirildi. Olaryň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.
Geçen ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy we jemi içerki önümiň 18,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň dowamynda banklar tarapyndan milli ykdysadyýeti ösdürmäge, döwlete dahylsyz ulgama, kiçi we orta telekeçilige, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere, gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin ýurdumyzyň raýatlaryna berlen karzlaryň möçberi baradaky görkezijiler beýan edildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 80 milliard 618,7 million kub metr tebigy gaz, 8 million 316,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 30,1 göterim, suwuklandyrylan gaz boýunça 1,1 göterim, kerosin boýunça 0,6 göterim, aýna listi boýunça 15,6 göterim, sement boýunça 0,8 göterim, çig ýüpek boýunça 17,1 göterim, tikinçilik we örme önümler boýunça 8,9 göterim, şöhlat önümleri boýunça 7,7 göterim, süýt önümleri boýunça 1,7 göterim, gaplanan miweler we gök önümler boýunça 5,5 göterim, mesge ýagy boýunça 6,8 göterim ösüş gazanyldy.
Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulagyň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 3,8 göterim, ýolagçy dolanyşygy 16,1 göterim artdy. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 11,5 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda 2023-nji ýylda öndürilen gök önümler, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim, azyklyk bakja önümleri 4 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,1 göterim, ýeralma 5,5 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 0,8 göterim artdy. Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňat görkezijiler gazanyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada-da hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Mejlisiň dowamynda bu Maksatnamany tassyklamak boýunça degişli Karara gol çekildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet býujeti ýurduň esasy maliýe guraly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak boýunça, şeýle hem onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmagyň we peýdalanylyşyna gözegçilik etmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň wajyp ornunyň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine ýardam bermek üçin bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermek, ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlary bermek babatda işleri dowam etdirmäge degişli görkezmeler berildi.
Bank ulgamynyň durnuklylygyny saklamak, daşary ykdysady şertleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawynyň berilmegini, milli pulumyzyň hümmetiniň saklanylmagyny, bank hyzmatlarynyň döwrüň talabyna laýyklykda hödürlenilmegini, çekilen serişdeleriň netijeli ulanylmagyny gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,6 göterim, benzinleri öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 199 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim berjaý edildi. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasynyň 106,9 göterim, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasynyň 112,6 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi we wise-premýere içerki we daşary ýurt sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda degişli işleri geçirmegiň, täze meýdançalary özleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, bu zawodlarda täze, ýokary hilli tehnologik önümçilikleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly gatlaklaryny gözlemegi we barlamagy talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçli depginde dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi. Nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini peseltmäge gönükdirilen meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,5 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň hem-de işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 110 göterim ýerine ýetirildi. Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 113,3 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 101,9 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 2 milliard 300 million manada barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi meýilnamany 101,1 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi 119,8 göterim ýerine ýetirdi.
2023-nji ýylda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň köp sanlysy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň binasy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 10 sany 9 gatly, Büzmeýin etrabynda 11 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlary, Gökdepe etrabynyň Owadandepe hem-de Köpetdag geňeşliklerindäki täze, döwrebap obalar bar. Tutuş ýurdumyz boýunça orta mekdepleriň jemi 22-si, çagalar baglarynyň 16-sy gurlup ulanmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, başga işe geçmegi sebäpli, G.Orunowy gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä A.Geldiýewi belläp, ony gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz oňa täze wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.
Şeýle hem başga işe geçmegi sebäpli, S.Selimow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, bu wezipä R.Işanow bellenildi. Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, A.Aramow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, öňde durýan işleriň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Annamämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýerleşýän döwlet elektrik stansiýalarynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek işlerini netijeli alyp barmak, «ýaşyl» energetikany ösdürip, Gün elektrik stansiýalaryny gurmak işlerini netijeli dowam etdirmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda çykarylýan önümleriň görnüşini giňeltmek, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynyň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, onuň hereket edýän kärhanalaryny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Gurluşyk pudagy hem esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Şu ýyl ýurdumyzda iri senagat, durmuş we medeni maksatly döwrebap desgalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işler dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýolgurluşyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýagny ýurdumyzda täze awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma senagaty toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2023-nji ýyldaky işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 101,8 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň möçberi, nah matalaryň önümçiligi, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 107,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriň önümçiligi 104,2 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 100 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 104 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçen ýylda birža söwdalarynyň 300-si geçirilip, olarda 30 müň 630 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 104,7 göterime barabar boldy. Sergileriň 28-si, maslahatlaryň 87-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 106,7 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň kuwwatyny artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, täze dokma önümlerini içerki we daşarky bazarlara ýerlemek hem-de ibermek, halyçylyk pudagyny ösdürmek we öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, täze nagyşlary, gölleri döretmek, gadymy türkmen göllerini dikeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ilatyň sarp edýän harytlaryny içerki bazarlarda elýeterli bahalardan ýerlemegi gazanmak möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek boýunça alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Hususy pudagyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümler öndürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy pudagyň işini giňeltmek boýunça çäreleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 121 göterime deň boldy. Geçen ýylda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 103,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterime barabar boldy. 2023-nji ýylda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 118 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 192,2 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,1 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,5 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle hem ulag-logistika pudagynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň geçirilen mejlisleriniň netijeleri, ulag-aragatnaşyk toplumy üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň gönükdirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmekde üstaşyr geçelgeleriň ugurlaryny giňeltmek, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak hem-de hilini gowulandyrmak, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýagny demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri netijeli alyp barmak zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz awtoulag kärhanalarynyň parkynyň üstüni döwrebap awtobuslar, taksiler we dürli görnüşli ýük awtoulaglary bilen yzygiderli ýetirmek boýunça işleri alyp barmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatdaky işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, howa gämileriniň düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygy aýdyldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamynyň edaralarynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe milli senenamamyzyň şanly seneleri, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, Arkadag şäheriniň açylmagy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler guraldy.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat, «Awaza — 2023» halkara tans we folklor festiwaly, «Arkadagyň säheri» kinofestiwaly, Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsert-festiwaly, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly, Wena baly, dürli konsertler hem-de döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Hasabat döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseriniň, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary guraldy. Şunuň bilen birlikde, geçen ýylda çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» adyny bermegiň tertibi we şertleri, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.
2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde nobatdaky Medeniýet hepdeligi, Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçirildi. Daşary ýurtlaryň birnäçesinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy. Ýurdumyzda Tatarystanyň we Türkiýäniň Medeniýet günleri geçirildi. Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen bilelikde işler alnyp baryldy.
Şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, teatrlaryň, kitaphanalaryň işiniň netijeleri barada hasabat berildi. Hasabat döwründe döwletimizde gazanylýan üstünlikler baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, A.Hudaýberdiýewi pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine M.Çaryýewi belläp, ony şol gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz M.Mämmedowa ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere düýpli taýýarlyk görmek zerurdyr.
Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek, türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmek wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow teleradioýaýlymlarda ýaş nesliň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri yzygiderli bermegiň, teatrlarda milli mirasymyzy, taryhymyzy wagyz edýän, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşini beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmagyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny hem netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, jemi 826 medal gazandylar. Dürli bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar ýurdumyzyň abraýyny täze derejelere göterdi.
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze bilim edaralary dabaraly ýagdaýda açyldy. 2 sany ýokary okuw mekdebiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça täze okuw binasynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy. Tutuş ýurdumyz boýunça çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasy açyldy. Ýokary bilim ojaklarynyň ikisinde ÝUNESKO kafedralary, 3 sany ýokary hünär bilim edarasynda ÝUNESKO klublary açyldy. 6 sany orta mekdep bolsa bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Ýokary okuw mekdeplerine halkara reýtinglere goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy.
Geçen ýylda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi, önümçilige ornaşdyrmak üçin ýerli çig mallaryň esasynda innowasion tehnologiýalar işlenip taýýarlanyldy. Okuw kitaplarydyr gollanmalaryň 3057-si makullanyldy, oýlap tapyşlara şahadatnamalardyr patentler alyndy. Doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, ýurdumyzyň ylmy işgärler binýady berkidildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary esasynda halkara ylmy maslahatlar, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilen çäreler guramaçylykly geçirildi.
Wise-premýer milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berip, 2023-nji ýylda lukmançylygyň ugurlary babatda keselleriň öňüni almagyň, olary bejermegiň öňdebaryjy usullarynyň amaly lukmançylyga ornaşdyrylandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, paýtagtymyzda 3 sany täze merkeziň, “Arçman” şypahanasynyň täze bejeriş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam etmeginde näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň ykrarnamasy hökmünde ýurdumyza halkara güwänamalar gowşuryldy.
Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Ýokary derejede geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty türkmen sportunyň taryhyna täze şöhratly sahypany ýazdy. Geçen ýylda ýurdumyzyň türgenleri jemi 812 sany medal gazandylar.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary esasynda toplumyň garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-tehniki binýady has-da kämilleşdirildi. Geçen ýylda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi ýokary derejede geçirildi. Ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan bagtyýar ýaşlarymyz döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty giňden wagyz-nesihat edildi. Halkara hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilip, halkara resminamalaryň 51-sine gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, G.Ataýewany bilim ministri wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bilim ministri wezipesine B.Orazdurdyýewany belläp, ony Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, başga işe geçmegi sebäpli, A.Germanowy saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä M.Mämmedowy belläp, ony saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň täze bellenen ýolbaşçylaryna üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer N.Amannepesowa ýüzlenip, ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak babatda yzygiderli işleri geçirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen işleri alyp barmak wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde, şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak boýunça maksatnamalaýyn işleri yzygiderli alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew welaýatda 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýumlary özleşdirmegiň bellenen ýyllyk meýilnamasynyň doly ýerine ýetirilendigini aýtdy. 2023-nji ýylda welaýatda iri önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň 8-siniň, Gökdepe etrabynyň Owadandepe we Köpetdag geňeşliklerinde täze, döwrebap obalaryň, Ahal — Mary asma elektrik geçirijisiniň gurluşyk işleri tamamlanyp, ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri alnyp barylýar, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, S.Çopanowy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine belledi hem-de ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow 2023-nji ýylda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Günbatar sebitde 2023-nji ýylda dürli maksatly binalaryň 4-si ulanmaga berildi, häzirki wagtda hem beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, N.Gylyjowy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä A.Öwezowy belläp, ony şu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Şeýle hem özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin K.Kürenow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä M.Mergenow bellenildi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, welaýat boýunça bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylda Daşoguz atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek işleri geçirildi, Boldumsaz etrabynda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş toparynyň edara binasynyň, Daşoguz şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň gurluşyk işleri tamamlanyp, ulanmaga berildi. 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň 145 müň gektar ak ekin meýdanynda degişli ideg işlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen birlikde, gowaçanyň we azyklyk ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, D.Annamuradowy Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we bu wezipä W.Saparmyradowy belledi hem-de ony Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Ş.Annaýewi belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesine Ý.Gowşudow bellenildi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalary hem-de inženerçilik ulgamlaryny gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri alnyp barylýar. Gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny, ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, M.Erkaýewi Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we bu wezipä E.Açylowy belläp, ony Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, A.Rozyýewi Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä A.Seýidowy belledi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Sebitde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçen ýylda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň 4-siniň, durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin 2 sany 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berildi. Şeýle hem häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny we ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Welaýatlarda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, tutuş oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini 106,8 göterime deň boldy. Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 107 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 197,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýerleri sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny, tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, suw howdanlarynda suw toplamak, suw serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Mundan başga-da, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak ugrunda degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak barada karara gelendigini aýtdy.
Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredilýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ädim bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak bilen bagly resminama gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz üýtgedip guralan ministrligiň we täze döredilen pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek baradaky meselä geçip, başga işe geçmegi sebäpli, N.Nazarmyradowy oba hojalyk ministri wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä Ç.Çetiýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine M.Öwezliýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine B.Ataýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine G.Ataýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy wezipesine D.Süleýmanow, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine N.Berdiniýazow bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, ministrligiň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2024-nji ýylda welaýatlar boýunça oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda, gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda, bag ekmek hakynda, pile öndürmek hakynda, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Kararlaryň taslamalarynyň taýýarlanandygyny aýtdy we bu resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe ýüzlenip, oba hojalyk pudagy tarapyndan oba hojalyk önümleriniň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Ekerançylykda we bagbançylykda ýokary hasyl berýän ekinleriň hem-de miweli baglaryň sortlaryny ýetişdirmek boýunça işleri netijeli alyp barmak möhümdir. Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Azyk senagatynda degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça hem degişli işleri geçirmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmegiň, goşmaça suw gorlaryny döretmek ugrunda işleri durmuşa geçirmegiň, suw obýektleriniň ýagdaýyny seljermegiň we olary gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň özboluşly ekologik ulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Öňde goýlan wezipeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler amala aşyryldy. 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna, Bahreýn Patyşalygyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Katar Döwletine, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Wengriýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine döwlet, resmi we iş saparlarynyň 18-sini amala aşyrdy.
Şeýle hem hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna, Germaniýa Federatiw Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Täjigistan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna saparlary amala aşyrandygy bellenildi. Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň, Wengriýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary boldy.
Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy. 2023-nji ýylyň dowamynda 257 sany halkara resminama gol çekildi. Daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, geçen ýylyň dowamynda bilelikdäki hökümetara toparlaryň nobatdaky mejlisleri, işewürlik maslahatlarydyr duşuşyklar guraldy.
Şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri ýerine ýetirmek meseleleri boýunça hasabat berildi. Şol teklipler Daşary işler ministrligi tarapyndan Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylda geçirilen mejlislerinde hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Ýurdumyz halkara bileleşigiň agzasy hökmünde hem-de öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, dünýä giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, häzirki zamanyň wehimleriniň we howplarynyň öňüni almaga, olaryň täsirini peseltmäge gönükdirilen işleri üstünlikli dowam etdirýär.
Ýurdumyz dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleri, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we innowasion çözgütlerini çekmäge ýardam bermek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigine ünsi çekdi. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri hem oturdylar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine göz öňünde tutulan halkara çärelere gowy taýýarlyk görmek we olaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Mejlisiň maslahatlarynyň 5-si geçirilip, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy we Mejlisiň kararlarynyň 52-si kabul edildi. Häzirki wagtda täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçen ýylda dürli döwletleriň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi, şol sanda daşary ýurtlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlary guraldy.
Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Deputatlar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça düşündiriş işlerini geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek babatda degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 2023-nji ýylda döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy kabul edildi. Şeýle hem birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Kabul edilen kanunlar Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün eder.
Şeýle hem Mejlisiň Başlygy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda şahyryň gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belläp, hödürlenen Kanuna gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu işleri mynasyp dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu topar tarapyndan tassyklanan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2024-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, geçen ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi we şu ýylda döwletimiziň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýylda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.
Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,3 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda bolsa 4,4 göterim boldy. Maýa goýumlar 7,5 göterim artdy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.
Geçen ýyl biz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda gurlan ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäherini dabaraly ýagdaýda açdyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bellenilişi ýaly, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy, şeýle hem dürli ugurly onlarça täze kärhanalar dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy.
Paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede geçirilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.
Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy has-da ýokarlanýar. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürýäris. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, ýurdumyz dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy.
Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ileri tutulýan wezipelerine geçip, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň we binalaryň gurluşygyna badalga berler, şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Şu ýyl Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga, «Dokmaçylar» medeni merkezi, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanmaga tabşyrylar. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi işe giriziler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler geçiriler. Bellenilişi ýaly, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, onuň baý mazmunly goşgularyny dünýä ýaýmakda professor-mugallymlaryň, edebiýatçylaryň, döredijilik işgärleriniň hyzmaty örän uludyr. Bu işe daşary ýurtly raýatlar hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly döredijilik işgärlerini täze döredilen ýubileý medaly hem-de Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, ýylymyzyň aýratyn möhüm wakalary bolan bu şanly seneleri geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni jemläp, şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny belledi. “Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2024-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.