20.05.2021
Ýer ýüzünde türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy, halklaryň ruhy-ahlak ösüşine siňdiren zehini bireýýäm ykrar edildi. Halkymyzyň milli sungatyny baýlaşdyran ajaýyplyklar barmak büküp sanardan kändir. Sebäbi türkmeniň adam ýaly syzýan ahalteke bedewleri, nepis halylary, datly gawunlary, şol sanda türkmen halkynyň özüniň wepaly dosty hasaplaýan alabaý itleri milletimiziň at-abraýyny artdyryp gelipdir. Şolaryň arasynda ady äleme ýaýrap, şöhraty dünýä dolan miraslaryň biri atşynaslyk sungatydyr. Ençeme asyrlardan bäri merdana türkmen ýigitleriniň uçar ganaty saýylyp gelýän ahalteke bedewleriniň bu günki gözelliginde müňýyllyklaryň dowamynda çekilen zähmetiň kämil miwesi bar. Türkmen atlaryndaky ýaly owadanlyk, çydamlylyk, ýyndamlyk dünýäniň men diýen çapar atlarynyň hiç birinde ýok. Ahalteke atalarynyňky ýaly ajaýyp sypatlary we häsiýetleri bir ýerde jemlemek diýmek dilde aňsat. Türkmen ykbalynda atçylygyň şeýle uly orun almagy ýöne ýerden däldir. Halkymyz owal-ahyrdan atyny ýoldaşy, alabaý itini wepaly dosty, goragçysy saýypdyr. Gadym döwürlerde halkymyz alabaý itine hany-manyny, öý-ojagyny ynanypdyr. Olar hem öz eýesine wepadarlyk bilen berk goragçy bolupdyr. Halkymyzyň bedew atyna, alabaý itine ynsana mahsus şeýle düşbülik häsiýetini berip, ýetişdirip bilmegi ir wagtlardan bäri hem seçgiçiligiň, we seýwançylygyň ussatlyk bilen hötdesinden gelendigine şaýatlyk edýär. Türkmeniň alabaý itleri we behişdi bedewleri baradaky maglumatlar taryhyň gatlarynda hem saklanyp, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Taryha göz aýlasak, Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar alabaý itleriň tohumlarynyň iň gadymylarynyň biridigini tassyklaýar. Behişdi bedewlerimiz barada aýtsak, Isgender Zülkarneýniň serkerdeleri türkmen atlaryny daň şapagyna meňzedipdirler. Diýmek, türkmen alabaý itleriniň we behişdi bedewiniň taryhy has alyslardan gaýdýar.
Taryhda birnäçe rowaýatlary, tymsallary, atalar sözüni miras goýan pederlerimiziň at hakynda aýtmadyk sözi ýok: «Bedew jul içinde belli, göwher kül içinde», «Bedew at menzil keser», «Malyň iki bolsa, biri at bolsun», «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At dosty — ata dosty», «Ataň barka, dost gazan, atyň barka ýol», «Atdyr ýigidiň myrady», «Aty baryň ganaty bar, ogly baryň döwleti», «At — myrat» diýýän türkmen halkynyň bedew ata bolan söýgüsi, sylag-sarpasy diýseň beýikdir.
Bu gün toý-baýramlarymyzyň ajaýyp bezegine öwrülen ýelden ýüwrük bedewlerimiziň abraýy diýseň ýokary. Ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine, özgertmelerine bedew badyny beren hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylygy ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Döwletimiziň ähli welaýatlarynda atçylyk sport toplumlarynyň açylmagy, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesinde uly şan-şöhrata göterilmeginiň nyşanydyr. Ýurdumyzda atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen, şeýle hem atlar ösdürilip ýetişdirilen, köpeldilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. 2015-nji ýylyň 31-nji martynda «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» we 2021-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» we «Türkmenistanyň halk itşynasy» hakynda» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň milli baýlyklary bolan alabaý itlere we gamyşgulak bedewlere goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Bu gün Türkmenistan döwletiniň Döwlet tugrasyny bezäp duran behişdi bedewlerimiz döwrümiziň belent ruhuna öwrülmegi başardy. Ata Watanymyzy beýik üstünliklere besleýän hormatly Prezidentimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly kitaplaryny halkymyza sowgat berdi. Bu ajaýyp kitaplar türkmen bedewleriniň gözelliginiň, ýyndamlygynyň soňlanmajak waspydyr. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden dörän «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaby hünärmenlere, alymlara gollanma bolup hyzmat edýär.
«At — myrat», «It geldi, gut geldi», «Itim — gutum» diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki halkymyzyň wepaly dosty we ynamdar syrdaşy bolan bedew atlaryň we alabaý itleriň gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda, olaryň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar.
Goý, her bir ösüşi, üstünligi bedew batly döwletimiziň tutýan toýlary toýa ulaşsyn!
Jennet ARAZOWA,Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.