news-photo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

21.12.2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

GDA-nyň resmi däl sammitleri agza döwletleriň Baştutanlaryna ynanyşykly dialogy alyp barmaga mümkinçilik berýän möhüm meýdança öwrüldi. Şeýle duşuşyklar, resmi mejlislerden tapawutlylykda, ýörite bellenen gün tertibi bilen çäklendirilmän, sebit durnuklylygy, ykdysadyýet we medeni hyzmatdaşlyk ulgamlaryndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle formatda tamamlanyp barýan ýylyň netijeleriniň jemlenilmegi, geljek üçin meýilnamalaryň kesgitlenilmegi döwlet Baştutanlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, wajyp meseleler boýunça çözgütleri tapmaga ýardam berýär. Sammitiň bu formaty GDA ýurtlaryny diňe taryhy we geografik umumylygyň däl, eýsem, Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygy gorap saklamak boýunça umumy maksadyň hem baglanyşdyrýandygyny görkezýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşykda ygtybarly hyzmatdaş we parahatçylyk dörediji merkez hökmünde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz ykdysady, ulag-logistika ulgamlaryna aýratyn üns berip, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlary Arkalaşyk boýunça hyzmatdaşlaryň goldawyna eýe bolýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyz energetika diplomatiýasyny we ekologiýa howpsuzlygyny yzygiderli ilerledýär. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan GDA-nyň iri medeni, sport çäreleriniň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülip, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga hem-de halklaryň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi parahatçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgeleriniň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygyny tassyklady. Paýtagtymyzda geçirilen forum häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde syýasy-diplomatik dialogyň ähmiýetini görkezmäge mümkinçilik berdi.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary dowam edýär.