AZIÝANYŇ MERJENI

25.05.2021

Her bir ýurduň ady agzalanda, ilki bilen, göz öňüňde onuň paýtagty janlanýar. Türkmenistan diýleninde bolsa, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen, ak mermere beslenen binalara baý şäher — gözel paýtagtymyz Aşgabat göz öňüňe gelýär. Esasy Kanunymyzyň 24-nji maddasynda bellenilişi ýaly: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir», paýtagtymyzyň hukuk ýagdaýy bolsa «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenýär. Aşgabadyň her biri gaýtalanmajak sungat eserini ýadyňa salýan, kaşaň, özboluşly binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, başy asmana ýetýän binalaryny görmäge göz gerek. Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz zähmetiniň netijesinde Aşgabat dünýäniň ýaşaýyş üçin amatly şertlerini özünde jemleýän şäherleriň hatarynda mynasyp orun aldy. Häzir paýtagtymyz Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň syýasy-ykdysady hem medeni merkezi bolman, eýsem, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 2013-nji ýylyň
          25-nji maýyndaky Permany bilen, Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi netijesinde, bu sene her ýylyň 25-nji maýynda umumy milli baýramçylyk hökmünde bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ak mermerli Aşgabat özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belleýär. 140 ýylyň içinde ýeňil bolmadyk taryhy döwürleri başdan geçirip, uly bolmadyk obalykdan döwrüň iň iri megapolisine öwrülen Aşgabat öz taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýar. Aşgabat «Ashabat» atly obadan emele gelen şäherdir. Ol Zakaspi ülkesinde döreýär. Aşgabat, eýýäm, 1882-nji ýyldaky resminamalarda «Ashabat şäheri» diýlip atlandyrylypdyr. Taryhy çeşmelere görä, 1890-njy ýylda Ashabatda ilkinji telefon nokady işläp başlaýar. 1892-nji ýylda Aşgabadyň ilatynyň 13 müň adama barabar bolandygy anyk maglumatlarda beýan edilýär. Kem-kemden ilat sanyny artdyrýan Aşgabatda ilkinji hassahana 1893-nji ýylda kireýine alnan hususy öýleriň birinde açylyp, ulanylmaga berlipdir. Bu hassahana jemi 15 adama hyzmat edipdir we 1901-nji ýylda hassahana ýörite gurlan jaýa göçüp barypdyr. 1899-njy ýylda paýtagtymyzda jemi 2002 sany bina bolup, bu san yzygiderli artypdyr. 1919-njy ýylda ýaşlaryň okamaga we işlemäge bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde ilkinji ýaşlar guramasy döredilipdir. Zakaspi ülkesiniň merkezi bolan Ashabat 1921-nji ýyla çenli «Ashabat», 1921-nji ýyldan başlap, Poltarask diýen ady göteripdir. 1925-nji ýylyň sentýabr aýlarynda ilkinji awtobus gatnawy ýola goýlupdyr.
1926-njy ýylyň ahyryna çenli Poltarask adyny göteren Aşgabat 1927-nji ýyldan başlap, ýene-de Aşgabat adyna eýe bolýar.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolsa şäher we onuň töwereginiň ýaşaýjylary tebigy betbagtçylyk hadysasyny başdan geçirdi. Emma gysga wagtyň içinde şäher ýene-de öňki durkuna gaýdyp geldi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat häzirki wagtda öz çägini has giňeltdi we «Merkezi Aziýanyň merjen dürdänesi» diýen ada mynasyp boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty gülläp ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine tarap aýdyň ýol bilen barýar. Owadan paýtagtymyzyň binalarynyň gaýtalanmajak sungat eseri hökmünde yhlas we ylham siňdirilen gözel durkunda döredijilikli zähmetiň, bagtyýar durmuşyň, egsilmez eşretleriň synmaz ruhy janlanýar.

         «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň baýram edilmegi türkmen halky üçin has-da guwandyryjydyr.

Halkymyzy ajaýyp döwürde ýaşadýan, ýüreklerde buýsanç, kalplarda söýgi döredýän, toýlarymyzy uludan toýlamak bagtyny peşgeş berýän Gahryman
Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.