DÖW­RE­BAP HU­KUK ÖZ­GERT­ME­LE­RI

31.05.2024

Mil­li ka­nun­çy­ly­gyň bar­ha kä­milleş­di­ril­ýän döw­rün­de äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, hu­kuk ul­ga­my­na hem san­ly ul­gam giň­den or­naş­dyryl­ýar. Mu­nuň özi, bir ta­rap­dan, döw­le­tiň döw­re­bap hu­kuk ösü­şi­ni ala­mat­lan­dyr­sa, beý­le­ki ta­rap­dan, ra­ýat hu­kuk gat­na­şyk­la­ry­na gat­naşy­jy­la­ryň iş­le­ri­ni ep-es­li ýe­ňil­leş­dirýär. Mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­ny san­ly ul­gam­dan peý­da­lan­mak ar­ka­ly do­lan­dy­ryş önüm­çi­li­gi­niň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da gör­mek bol­ýar. 

Ka­nun­çy­lyk ul­ga­myn­da­ky özgert­me­ler äh­li ugur­lar bi­len bir hatar­da, be­den­ter­bi­ýe we sport ul­gamy­ny hem öz içi­ne al­ýar. Gahryman Arkadagymyzyň jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni berka­rar et­mek hem-de be­den we ru­hy taý­dan kä­mil ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ug­run­da­ky baş­langyç­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de has-da ro­waç­lan­ýar. Bu gün eziz Di­ýary­myz­da sport ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek hem-de ös­dür­mek bo­ýun­ça düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da yzy­gi­der­li ýe­ňiş ga­za­nyp, Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýyny has-da be­len­de gal­dyr­ma­gy hem uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da al­nyp bar­lan bin­ýat­la­ýyn iş­le­riň, oý­la­ny­şyk­ly öz­gert­me­le­riň mi­wesi­dir. Is­len­dik işiň düýp­li we uzak möh­let­li bol­ma­gy, onuň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň kä­mil­li­gi­ne bag­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 56-njy mad­da­syn­da döw­let sportuň ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär diý­lip kes­git­le­nen­dir. Şol ýö­rel­ge­den ugur al­nyp, ýur­du­myz­da spor­tuň hu­kuk bin­ýa­dy ber­ki­dil­ýär. «Pro­fes­sio­nal sport ha­kyn­da», «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da», «Sport­da do­pin­ge gar­şy gö­reş­mek ha­kyn­da», «At­çy­lyk we at­ly sport ha­kyn­da» Türk­menis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň, şeý­le hem, «Türk­me­nis­tan­da 2021 ― 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýeti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi hem bu ha­ky­ka­ty do­ly tas­syk­la­ýar.

Mil­li ka­nun­çy­ly­gy ös­dü­rip, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň kä­mil­leş­me­gi, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun!

Da­ýanç Ka­ka­ba­ýew, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.