21.06.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan halkara giňişliginde jemgyýetiň maddy hem ruhy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy hem zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bir bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy eýeçilik, zähmet, pul we beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleşdirýän esasy obýektleri hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda eýeçiligiň eldegrilmesizdigi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi bellenilýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy aýdylýar. Hususy eýeçilik hukugynyň kanun bilen goralýandygy we her kimiň eýeçiliginde emläginiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydygy, kanunda bellenen tertipde we möçberlerde salgytlary tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga borçlulyk barada aýdylmagy ykdysady gatnaşyklara ýokary derejede täsir edýän konstitusion hukuk esaslaryny hem ýörelgelerini berkidýär.
Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi), «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» (rejelenen görnüşi), «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» we beýleki kanunlar gürrüňi edilýän möhüm ulgamyň depginli ösüşiniň hukuk binýady bolup çykyş edýär.
Ulgamyň kanunçylyk binýady barada gürrüň edilende, Esasy Kanunda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi barada esas goýujy hukuk kadasynyň hem berkidilendigini aýratyn bellemek ýerlikli bolar. Sebäbi Konstitusiýada kiçi we orta telekeçilik diýen düşünjäniň ulanylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýän bu ugruň işiniň hukuk, guramaçylyk esaslarynyň hukuk taýdan kepillendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Telekeçilige goldaw bermek babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi hem wajyp ähmiýete eýedir. Kiçi we orta telekeçilik ilatyň ýokary hilli ýaşaýşyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň özenini emele getirmek bilen bir hatarda, onuň kadaly hereket etmeginiň-de kepili hökmünde çykyş edýär. Telekeçiligiň ösdürilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligine, girdejisiniň artmagyna, gaýtadan işlemegiň hasabyna öndürilýän önümleriň görnüşini we möçberini artdyrmaga, netijede, ýurdumyza daşyndan getirilýän harytlary özümizde öndürmäge, bäsdeşlige ukyply harytlary daşarky bazarlara çykarmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, bu işiň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegidir. Hut şu jähetden hem, bu ugurda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi pudagyň ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Muňa mysal edip «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, Raýat kodeksini, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny görkezmek bolar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hereket edýän hukuk resminamalary raýatlaryň ukyp-başarnygynyň açylmagy, işjeňliginiň ýokarlanmagy, ahyrky netijede, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin kämil binýady emele getirýär
Goý, ýurdumyzda telekeçiligi yzygiderli ösdürmekde, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Jennet Arazowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.