02.04.2025
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasat dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy özboluşly nusgawy häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan örän amatly ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri üçin däl, eýsem, zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary üçin hem örän ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana baky Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöretmegi netijesinde, sebitiň halklarynyň dostana gatnaşyklary ösüşiň täze derejelerine göterildi. Şunda Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna örän uly orun degişlidir. Hut şonuň üçin hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ikinji gezek ykrar edildi.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin öz döredijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanýar. BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli dialog munuň aýdyň güwäsidir. Abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlykda dürli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk strategik we okgunly häsiýete eýedir. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly birnäçe Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň şeýledigini subut edýär. Şolaryň hatarynda 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem bar. Onuň awtordaşy bolup 86 döwlet çykyş etdi. Bu başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwletara gatnaşyklarda täze pelsepe hökmünde yglan edilen başlangyjyň logiki dowamy we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup durýar. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy pelsepewi garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili» hökmünde kabul edýär.
Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi hem-de şanly sene bilen baglanyşykly meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýoka ry guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
Şu ýylda boljak ýubileý seneleriň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň özara baglanyşykly sazlaşygy döredýändigini bellemeli. Bitaraplygyň binýatlyk ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birekbirege hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasy nyň düzgünleriniň özboluşly beýanydyr. Bu ýörelgeler dünýäniň häzirki zaman gurluşynda derwaýys ähmiýete eýe bolmak bilen, oňyn we döredijilikli ösüşiň, asuda geljegiň esasy şertine öwrülýär. Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, möhüm ählumumy meseleleri çözmekde we netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm ähmiýet berilýär.
Goý, ýurdumyzy parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şemşat GURBANGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň işgärler bölüminiň Hünäri ýokarlandyryş bölümçesiniň uly prokuror-metodisti, 2-nji derejeli ýurist.