06.04.2025
Ata-babalarymyz ahlak kadalaryny ilkinji orunda goýup, öz nesilleriniň ruhy taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmeklerini gazanypdyrlar. Bu ýörelgäniň dowamat-dowamdygyny şu günki nesillerimiziň edep-ekramynda, milliligini gorap saklaýşynda, birek-birege bolan sylag-hormatynda görmek bolýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekliginde bolsa maşgalanyň täsiri uly bolup durýar.
Maşgala terbiýesi irki döwürlerden bäri halkymyzda ýaş nesli terbiýelemegiň baş mekdebine öwrülipdir. Çünki her bir perzent ilkinji görüm-göreldäni maşgaladan, ata-eneden alýar. Ýagşylyk, mertlik, dogruçyllyk, halallyk, ar-namyslylyk, dostluk, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, watansöýüjilik ýaly türkmeniň ganyna, aňyna siňip, nesilden-nesle geçip gelýän belent adamkärçilikli häsiýetler, ilki bilen, maşgalada berilmelidir. Ata-eneler öz perzentlerine salamlaşmagyň, gürrüňdeş bolmagyň, birek-birege hormat-sylag goýmagyň tertibini, özünden ulular, kiçiler, goňşy-golamlar, deň-duşlar bilen gatnaşyk etmegiň kada-kanunlaryny öwretmelidirler. Öýde, mekdepde, köpçülik ýerlerinde özüňi tertipli, salykatly alyp barmagyň, ýagşyny- -ýamany, haý ry-şeri, halaly-haramy, agy-garany saýgarmagyň ýollaryny, ata- -babalarymyzdan miras galan ajaýyp ýol- -ýörelgeleriň, pähim-paýhaslaryň, ahlak kadalarynyň çuň many-mazmunyny düşündirmelidirler. Her bir maşgaladan ahlak, ruhy taýdan sagdyn nesiller ýetişse, jemgyýetimizem ähli taraplaýyn sagdyn bolýar.
Watanymyzyň daýanjy hasaplanylýan ýaşlaryň edep-ekramly, il-güne haýyrly, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert- -mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Laçyn Tuwakowa, Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.