06.05.2025
2025-nji ýyl BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenmegi bilen, özboluşly many-mazmuna eýedir. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň, ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda beýan edilýän ýurdumyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň meseleleri, özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek bilen bagly garaýyşlary hemişelik bitaraplyk ýörelgelerimiz bilen berk baglanyşyklydyr.
Parahatçylyk, ynanyşmak, ösüş Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny anyk häsiýetlendirip gelýän esasy düşünjeler bolup durýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda ata-babalarymyzyň agzybir, parahat ýaşamak barada ündän wesýetlerine eýerip, dünýä döwletleri bilen alyp barýan deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy oňyn netijelere beslenýär. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi ata-babalarymyzyň durmuşynda gadymdan gelýän ähli meseleleri diňe ylalaşyk esasynda çözmek tejribesi bilen baglanyşykly bolup durýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi daşary syýasat ugrunyň täsiri bilen türkmenistanlylaryň täze neslinde häzirki zaman, sabyr-takatly dünýägaraýşyň kemala gelmegini şertlendirdi. Bu dünýägaraýyş özüňe, goňşy ýurtlara we halklara, dünýäniň ähli beýleki böleklerine bolan garaýyşlaryň kesgitlenen ulgamydygyny alamatlandyrýar. Halkymyzyň döwlet gurmak tejribesine esaslanýan milli ösüş ýoly döwletimiziň taryhy-geografiýa aýratynlyklary, giň gerimli halkara gatnaşyklary, dünýä medeniýetiniň ösüşiniň kanunalaýyklygy bilen utgaşykly sazlaşýar.
Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýan, türkmen jemgyýetini we döwletini birleşdiriji, jebisleşdiriji hem-de halkara tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilen güýç bolup çykyş edýän hemişelik Bitaraplyk döwletiň Esasy Kanunyndan başlap, kanunçylyk ulgamynyň ähli kadanamalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmenistan dünýäde konstitusion derejede özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny kesgitlän ýeke-täk döwletdir. Şonuň üçin Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedigi kesgitlenen.
Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny deň hukuklylyk, özara peýdalylyk, bu işe çekilen taraplaryň bähbitlerini hasaba almak esasynda, şeýle hyzmatdaşlyga ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garamak esasynda ösdürýär. Türkmenistan öz maliýe-ykdysady giňişliginiň açyklygyny üpjün edýär, ähli döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, ykdysady meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam edýär.
Ýurdumyz dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk kadalarynda bellenilen adamyň we raýatyň esasy demokratik hukuklaryny hem azatlyklaryny ykrar edýär we hormatlaýar, olaryň netijeli amala aşyrylmagynyň syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki kepilliklerini döredýär. Onuň şeýledigini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň durmuş-ykdysady gazananlary doly tassyklaýar.
Türkmenistan beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň medeniýetini, däplerini we adatlaryny hormatlamak esasynda guraýar hem ynsanperwer gatnaşyklara halklary ýakynlaşdyrmagyň, olaryň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde garaýar. Türkmenistan milletleriň we halkyýetleriň arasyndaky ruhy gymmatlyklaryň alşylmagyna, medeniýetleriň özara ornaşmak we özara baýlaşmak meýillerine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnuklylygyň bähbitlerine laýyk gelýän daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy berkitmek bilen birlikde ählumumy howpsuzlygyň düzüm bölegi bolan energetika we ekologiýa howpsuzlygynyň, döwrebap halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň kemala gelmeginiň üpjün edilmegindäki netijeleri hemmelere mälim hakykatdyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dünýäniň ähli ýurtlary, halklary we halkara guramalary bilen döwrebap gatnaşyklary guramagyna esas bolýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy taryhy ähmiýetli şanly sene bolup, onuň sebitdäki geosyýasy deňagramlylygyň möhüm şerti, Merkezi Aziýada durnuklylygy saklamagyň täsirli guraly bolup hyzmat edýändiginiň beýany bolup, giňden bellenilip geçiler.
Merdan BEGLIÝEW, Ak bugdaý etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.