12.07.2025
Kitaphana işi jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrmakda, şahsyýetiň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Kitaphana işiniň döwrebap maksatlary bolup, kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýär. Elektron kitaphanalar we maglumat gorlary nesiller üçin bilim almagyň möhüm çeşmesidir.
Kitaphanalar diňe bir bilim merkezi bolman, eýsem, medeni mirasy saklaýar. Döwrebap kitaphanalar okamak medeniýetini ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025—2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy.
Kitaphana işi Türkmenistanyň bilim, medeniýet we jemgyýetçilik ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamda iş alyp barmak üçin ýurduň kanunçylyk binýady aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanda kitaphanalaryň we kitap medeniýetiniň ösdürilmegine gönükdirilen hukuk namalary döwletiň bilim we medeniýet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmenistanda kitaphana işi «Bilim hakynda», «Medeniýet hakynda» we beýleki degişli kanunlaryň esasynda düzgünleşdirilýär. Şeýle hem kitaphanalar döwlet syýasatynyň goldawyna eýe bolup, olaryň ähmiýeti dürli çäreler we maksatnamalar arkaly kesgitlenilýär.
Türkmenistanda kitaphana işiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Elektron kitaphanalaryň döredilmegi maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýär. Kitaphanalar taryhy we medeni gymmatlyklara degişli maglumatlary saklaýar. Türkmenistanda kitaphana işiniň sanly ulgama geçirilmegi öňde goýlan möhüm wezipeleriň biridir. Döwlet meýilnamalary arkaly milli elektron kitaphanalar döredilýär we onuň hyzmatlary giňeldilýär.
Ýurdumyzda elektron kitaphana ulgamynyň ýola goýulmagy, kitap gaznasynyň döwrebap eserler bilen baýlaşdyrylmagy, kitaphana işgärleriniň hünär derejesiniň kämilligi üçin okuwlaryň geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir.
Ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýbölek NURSÄHEDOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi