04.10.2025
Garaşsyz döwletimiziň durnukly ösüşi, syýasaty, ykdysady we daşky gurşawyň howpsuzlygy, döwlet gurluşynyň binýatlarynyň berkligi, ykdysady giňişliginiň päsgelçiliksiz ösüşi we edara-kärhanalarynyň kadaly işi türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda kemilleşdirip, gymmatlyk derejesine ýetiren jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň milli kanunçylyk tarapyndan berk goraglylygyny talap edýär. Çünki jemgyýetiň, döwletiň berkararlygy, asudalygy hem-de durnuklylygy kanunylygyň höküm sürmegindedir. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň kadaly we netijeli işlemegi bolsa onuň möhüm şertidir.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 13-nji maddasynyň 2-nji böleginiň 1-2-nji bentlerinde işgäriň öz zähmet borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirmäge, zähmet düzgün-nyzamyny kärhananyň içerki zähmet tertip-düzgün kadalaryny berjaý etmäge borçlanýandygy barada bellenilipdir.
«Döwlet gullukçysy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, döwlet gullugy — bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrýan hünär işidir. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde kanunylyk ýörelgesini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny goldanmalydyklary, Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyna ygrarly bolmalydyklary we ony yzygiderli durmuşa geçirmelidikleri, özleriniň hereketleri bilen döwlet häkimiýetiniň abraýyny pugtalandyrmalydyklary kesgitlenilipdir.
Şeýle-de Kanunda döwlet gullukçylarynyň gulluk gürrüňdeşliginde jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, onuň hukuklarynyň, azatlyklarynyň bolsa tebigydygy hem-de mizemezdigi, her bir raýatyň şahsy eldegrilmesizlige, şahsy hem-de maşgala syryna, at-abraýyny, mertebesini goramaga bolan hukugynyň bardygy baradaky kadalardan ugur almagynyň zerurdygy kesgitlenilendir.
Goý, halkymyzyň ýagty geljegi üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumlary rowaç bolsun!
Sähragül AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyňumumy bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.