Mähriban mukaddess milli mirasym

08.10.2025

Milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, şeýle hem «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminamalaýyklykda, Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, täze şäherde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Bu karar halkymyzyň milli mirasy bolan zenanlaryň lybaslarynyň asyl nusgalarynyň, ýagny enelerimiziň sandyklarynda saklanylýan owadan nagyşlar bilen sünnälenen egin-eşikleriniň biziň durmuşymyza täzeden ornaşmagyna badalga berdi.

Milli taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň durmuşa geçirilmeginde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Olar halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasyny saklaýjylar hem-de ýurdumyzyň iri ylmy merkezleridir. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, özboluşly däp-dessurlary, häzirki döwürdäki ägirt uly gazananlary ýurdumyzyň baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Munuň şeýledigine muzeýlerde medeni gymmatlyklary ýüze çykarmak, toplamak, ylmy esasda öwrenmek we gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda muzeý işini ösdürmek, olaryň halkymyzyň medeni durmuşyndaky möhüm ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin medeni gymmatlyklary aýawly saklamaga gönükdirilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki resminamalar şolaryň hataryndadyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara hormatly Prezidentimiziň gol çekmeginiň uly ähmiýeti bar.

Gözelligiň we nepisligiň ykrar edilen nusgasy bolan türkmen halysy halkymyzyň gymmatly baýlygy hem buýsanjy, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan bahasız goşandydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan, nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat beripdi.

Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi. Şunda haly-paşägirtlik mekdebine möhüm orun degişlidir. Halkymyzyň ruhy mirasyny aýawly saklamakda uly ähmiýeti bolan muzeýler ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine-de goşant goşýar.

Döwlet taryhy-medeni goraghanalar hökmünde yglan edilen Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Kerki, Dehistan, Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly gadymy şäherler açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýlerdir. Şunda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işler hem alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň milli däpleri gorap saklamaga we nesilden-nesle geçirmäge berýän ägirt uly ünsü jemgyýetiň ösüş maksatlaryna ýetmekde medeniýet ulgamyna täze taslamalary çekmäge, milli miras babatdaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Diýarymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça ägirt işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Aýbölek NURSÄHEDOWA
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.