Parahtçylygyň belent ykrary

13.10.2025

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini gönükdirilengymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriňdir halklaryňarasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatlyBelent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş, ekologiýa, ynsanperwerlik we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen möhümbaşlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de olar Birleşen Milletler Guramasynyň BaşAssambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň kabul edilmegi netijesindeüstünlikli durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bitaraplyk biziň häzirki zaman dünýägaraýşymyzy, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizi, dostluk we hoşniýetlilik däplerimizi özünde jemleýär hem-de dünýädöwletleriniň tagallalaryny birleşdirýär» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde parahatçylykly ösüşi wagyz edýän Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, Garaşsyzlygyny alan gününden bäri netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyyzygiderli amala aşyrýar.

Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän nusgalyk taglymat bolup, bubarada Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmenhalkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir» diýip belleýär. Şunukdaýnazardan, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelikBitaraplygy» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň 185-si tarapyndan ilkinji gezek, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa bu Kararnamanyň193 döwletiň biragyzdan goldamagynda ikinji gezek kabul edilmegi bütindünýäde parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzyň dabaralanýandygynyň aýdyňgüwäsi boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň BaşAssambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde hormatlyPrezidentimiziň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şeýlelikde, 2025-nji ýyl bütindünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Şuýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atlyKararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi bolsa Halkaraparahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ähmiýetli taryhy wakasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunda saýlap alan bitaraplyknusgasynyň taryhy ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Ýeri gelende, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň Birleşen MilletlerGuramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk ýubileý senesi bilen utgaşykly sazlaşyp, şu ýylyň halkara ähmiýetini has-da artdyrýandygyny bellemek gerek. Şundaýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli taýýarlandegişli Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan milli we ählumumy derejedäkimöhüm ähmiýetli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Taryhbeýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerineýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip nygtaýar. GahrymanArkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň paýhasyndan kemal tapýanbeýik işler hem şanly taryhymyzdyr. Şunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen başýörelgeler Garaşsyz Watanymyzy hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasyndaparahatçylykly ösüşiň belentliklerine ugrukdyrýar. Goý, dünýäniňabadançylygyna, halklaryň bagtly geljegine gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynydabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly BelentSerkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydamarowaçlyklara beslensin!

Batyr BERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň ulysülçüsi,
3-nji derejeli ýurist.