26.10.2025
Türkmenistan hem dünýä bileleşiginiň doly hukukly döwleti hökmünde umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerini we kadalaryny ileri tutýar.
Şol ýörelgeleriň esasylary bolsa Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýar.
Türkmenistanyň daşary syýasaty amala aşyrylanda, ugur alýan ýörelgeleriniň esasylarynyň biri hem beýleki ýurtlaryň içki işlerine gatyşmazlyk ýörelgesidir.
Bu ýörelge halkara hukugynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup, döwletlere we halkara guramalaryna beýleki döwletleriň hem halklaryň içki işlerine islendik görnüşde — ýagny, güýç ulanmak arkaly ýa-da başga ýol bilen, açyk ýa-da gizlin gatyşmagy gadagan edýär.
Döwletimiziň daşary syýasatynyň ýene-de bir wajyp ýörelgesi — güýç ulanmazlyk ýörelgesidir. Bu ýörelge hem halkara hukugynyň döwletleriň özara gatnaşyklarynda güýç ulanmagyň ýa-da güýç ulanmak haýbatynyň gadagan edilýändigini aňladýan möhüm ýörelgesidir.
Döwletimiziň halkara gatnaşyklaryň çägindäki iň möhüm üstünlikleriniň biri bolsa,
BMG tarapyndan Aşgabat şäheriniň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezihökmünde saýlanyp alynmagydyr.
Aşgabat — dünýä halklarynyň dostluk-doganlyk, ylalaşyk ýoluna öwrülen türkmen bitaraplygynyň merkezidir.
Türkmenistan daşary syýasatyny amala aşyrmakda milli we taryhy ösüşiň aýratynlyklaryny, dünýäde hem sebit derejesindäki ýagdaýlary we şertleri hemmetaraplaýyn göz öňünde tutýar.
Baky Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygyň, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde umumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün!
Parahatçylyk arkaly ösüş dowam etsin! Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, ummandyr ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Gunça DÖWLETOWA, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.