29.10.2025
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe döwlet gullukçylarynyň edebi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär.
Döwlet gullukçysynyň özünde birnäçe edep-häsiýetleri terbiýelemegine başgaça, döwlet gullukçysynyň etikasy ýa-da döwlet gullukçysynyň edep kadalary hem diýilýär.
2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen
«Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň
1-nji maddasyna laýyklykda,
döwlet gullugy — bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezipelerini durmuşa geçirmek üçin ýörite ygtyýarlyk bilen amala aşyrýan hünär işidir.
Şeýle hem Kanunyň 3-nji maddasynyň 1-nji bendiniň 1-nji böleginde bellenilişi ýaly,
döwlet gullukçysy — döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde duran wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýatydyr.
«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasynda döwlet gullukçylarynyň özüni alyp barşy barada şeýle kesgitlenme berilýär:
«Gulluk özüni alyp barşy — döwlet gullugynyň ahlak mazmunyna, döwletiň we jemgyýetiň talaplaryna laýyklykda döredilen kadalaryň jemidir. Olar döwlet gullukçysynyň öz gulluk işini ýerine ýetirmeginiň dowamynda özüni alyp barşyň düzgünleriniň emele getirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýär.»
Her bir ýurduň halky öz ýurdunyň jemgyýetçilik durmuşy, taryhy gelip çykyşynyň aýratynlyklary, milli däp-dessurlary bilen baglanyşyklylykda etik-etraplaýyn ýörelgeleri üýtgedip, ony ösdürýär, baýlaşdyrýar we kämilleşdirýär.
Döwlet gullukçysynyň ilki bilen berjaý etmeli zatlarynyň biri — halkyň döwlet edaralaryna ýüz tutup gelýän wekillerini gowy kabul etmek, olaryň arz-şikaýatlaryny, tekliplerini diňlemäge başarmakdyr.
Sebäbi, döwlet gullukçysy — döwletiň ýüzi.
Diýmek, döwlet gullukçysy ilki ädimden başlap, halkyň ýüregine aralaşmagyň “açaryny” tapmaly.
Ýeri gelende bellesek, döwlet gullukçysynyň sözleýiş medeniýeti, ýagny edebi hem-de hereketi özara berk baglanyşykly bolmaly.
Onuň häsiýetinde söz bilen hereketiň biri-birinden aýrylmazlygy esasy talaplaryň biridir.
Sebäbi, proffessional wyždan, ynsanperwerlik we dogruçyllyk talap edilýän bolsa, söz bilen işiň gabat gelmegi onuň öňünde wakalary we maglumatlary dogruçyl beýan etmegiň şertini döredýär.
Goý, biziň hemmämize eziz Watanymyza, mähriban halkymyza tüýs ýürekden gulluk etmek bagty miýesser etsin!
Çünki, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly,
döwlet bilen halkyň jebisligi — eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr.
Ýakup ÇARYMYRADOW
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist.