Parahatçylygy pugtalandyrmakdaky taýsyz tagallalar

07.11.2025

Dünýä ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlygyň ýurdy hökmünde tanalýan Bitarap Türkmenistanyň ölümetimizde bolup geçen taryhy wakalar, düşüöşgerişler, dürli durmuş höwriňi gören raýatlarymyzyň öňe saryny artdyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri daşary syýasatynyň esasy ugruň görnüşinde kesgitlän berkarar döwletimiz ähli ýurtlar bilen mämgüzeşde esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy yola goýdy. Bu gün Garaşsyz Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgeleri bütin Ýer ýüzünde goldawa eýe bolýar.

Munuň özi ýurdumyzyň halkara jemgyýetçilik derejesinde, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň güýçlenmegine öz oňyn täsirini berýär. Dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň netijesinde durnukly ösüş gazanylýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň parahatçylykly syýasy daşary syýasaty, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda dürli halkara meseleleri özara düşünişmek we ylalaşyk ýörelgelerinde çözmäge ugrujy sebitle hem-de dünýäde ählumumy abadançylygy gazanmakda giň mümkinçilikleri açýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan alnyp barlan ýörelgeler bilen utgaşykly hem işjeň Bitarap döwlet hökmünde şu ýylyň 30 ýyl dolýan Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parahatçylyk ýörelgelerine Ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi pugtalandyrmakda aýratyn işjeňligi görkezer.

Halkara derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda tagalla edýän hormatly Belent Serkerdebasymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Didar ELIASOW,
Balkanabat şäher prokurorynyň uly kömekçisi,
3-nji derejeli ýurist.