ÝOL HEREKETIŇ HOWPSUZLYGYNYŇ KADALARY

26.05.2026

  Ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýan adamyň ömrüni we saglygyny gorap saklamak Türkmenistanyň ähli kanunçylyk namalarynda kepillendirilendir. Şol sanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýol hereketine gatnaşyjylaryň kada-düzgünleri beýan edilýär.

Türkmenistanyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýän bu Kanun ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirmäge, raýatlaryň janynyň, saglygynyň we emläginiň goralmagyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.

Bu Kanunyň 27-nji maddasynda beýan edilişi ýaly, ýol hereketine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ýollary boýunça hereketiň howpsuz şertlerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär we ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hem-de halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmek ýoly bilen üpjün edilýär.

Şunda ýol hereketine gatnaşyjylaryň öz hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi beýleki gatnaşyjylaryň hukuklaryny çäklendirmeli ýa-da bozmaly däldir.

Kanunda kesgitlenilişi ýaly, ýol hereketine gatnaşyjylaryň bellenilen düzgünlere laýyklykda ýollarda erkin we päsgelçiliksiz hereket etmäge, ygtyýarly edaralardan we wezipeli adamlardan ýol hereketiniň howpsuz şertleri barada takyk maglumatlary almaga, ýol-ulag hadysasynda mugt lukmançylyk we halas ediş kömegini almaga, şeýle hem wezipeli adamlaryň bikanun hereketlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat etmäge hukuklary bardyr.

Şol bir wagtyň özünde ýol hereketine gatnaşyjylar şu Kanunyň we oňa laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

Türkmenistanyň raýatlary ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň hukuk namalarynda beýan edilen talaplary gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge borçludyr. Halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Döwletmuhammet MÜRRIKOW,
Balkan welaýatynyň prokuraturasynyň
baş derňew bölüminiň prokuror-kriminalisti,
ýustisiýanyň geňeşçisi.