07.07.2026
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan ykrar edileninden bäri üç onýyllyk möhletde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejedäki durnuklylyk üçin möhüm gurala öwrüldi. Bu taryhy döwürde Bitaraplyk syýasaty diňe daşary syýasy strategiýa hökmünde däl, eýsem, durmuşyň ähli pudaklaryny — ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport-sagaldyş ulgamlaryny gurşap alýan köpugurly ösüşiň, halkara hukuk kadalarynyň we BMG-niň çägindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde özüni doly görkezdi» diýip, bu syýasy guralyň mümkinçiliklerini ähli ugurlar bilen birlikde, sport diplomatiýasynyň üsti bilen parahatçylygy ösdürmekdäki bitiren işleriniň ähmiýetini hem buýsanç bilen nygtaýar.
Hakykatdan-da, Lukman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ilatymyzyň durmuşyna ornaşmagy ugrunda döreden kämil şertleri dünýä jemgyýetçiligine höweslendiriji nusga öwrüldi.
Milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli tagallalary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, dünýäniň 56 döwletiniň awtordaşlygynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň sport diplomatiýasynyň parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine çuň mazmun berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde bellenilýän bu halkara sport baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, döwletleriň senenamalarynda mynasyp orun aldy.
Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Milletler Bileleşigine agza 62 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi jahan içre ykrar edilen Milli Liderimize dünýäniň bildiren mynasyp hoşallygy boldy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny dabaralandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi asylly däbimiziň özboluşly ýörelgelerini baýlaşdyrýar. Welosportuň dünýädäki muşdaklarynyň barha artmagy bolsa halkara jemgyýetçiliginde ekologik medeniýetiň ösmegine hem mynasyp goşant goşýar.
Ata Watana söýgi, ýagty geljege ynam, döredijilikli zähmete höwes durmuşa bolan ruhubelent garaýyşlary döredýär. Sagdyn garaýyşlaryň joşguny bolsa pikirlerdir niýetleriň sagdynlygyndan gözbaş alýar. Fiziki hereket bolsa ruhubelentligi döredýär.
Sporty ösdürmek, milletimiziň saglygyny berkitmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize alkyşlarymyz tükeniksizdir.
Daňatar ABDYLLAÝEW,
Akdepe etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist.