Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň 6-njy awgustynda belläp geçmeli.
2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
3. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 24-nji dekabry.