17.01.2022
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan täze sepgitlere eýe bolmak bilen, ruhy galkynyşy hem başdan geçirdi. Milli däp-dessurlarymyz, ýagşy edim-gylymlarymyz halkymyzyň gündelik durmuşyna ornaşdy, milli baýramlarymyz gaýtadan dikeldildi.
Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň çaga terbiýelemeginiň esasy binýady bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Biz maşgala gymmatlyklaryna aýratyn üns berýäris. Ýaşlarymyzyň belent ahlak sypatlary şol gymmatlyklar esasynda kemala gelýär. Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara hormat goýmak, Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine sarpa goýmak duýgularyny terbiýelemek maşgaladan başlanýar. Şoňa görä-de, maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, jemgyýetçilik pikirini öwrenip, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeleri girizsek, dogry bolar diýip hasap edýärin» diýen sözleri maşgalanyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 3-nji maddasyna laýyklykda, maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar. Şeýle hem maşgalanyň erkek bilen aýalyň birek-birege bolan söýgüsi esasynda meýletin gurulmagy; maşgalada ahlak ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy; maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklarynyň deňliginiň üpjün edilmegi; maşgalanyň ähli agzalarynyň maşgalanyň öňündäki jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy; eneligiň, atalygyň we çagalygyň goralmagy; maşgalada çaganyň sagdyn ösmegi we kemala gelmegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi; maşgalanyň işlerine başga biriniň gatyşmagyna ýol berilmezligi; maşgalanyň islendik agzasy babatda islendik görnüşdäki zorluk edilmegine ýol berilmezligi; maşgalada ata-enäniň zähmet işini maşgala borçlary bilen utgaşdyrmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi bolsa ýurdumyzyň maşgala kanunçylygynyň wezipeli bolup durýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýändigi bellenilendir. Esasy Kanunymyzdan ugur alnyp, ýurdumyzda hereket edýän aýry-aýry ugurlar boýunça kanunçylyk namalarynda hem maşgala goldaw bermäge gönükdirilen kadalar ýerleşdirilen. Şol kadalaryň içinde ýaş maşgalalary goldamaga gönükdirlen kadalar aýratyn ähmiýetlidir.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş maşgala – är-aýalyň ýaşy 30 ýaşa ýetmedik maşgala, ýa-da çagalaryny (çagany) 30 ýaşa ýetmedik bir ata ýa-da ene terbiýeleýän doly bolmadyk maşgaladyr. Ýaş maşgalalary goldamak, şol sanda çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmek bolsa agzalýan kanunda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatlarynyň hatarynda görkezilýär.
Ýurdumyzda ýaş maşgalalary goldamak çygrynda döwlet goldawy durmuş-ykdysady, ýaşaýyş-durmuş we ýaşaýyş jaý meselelerini çözmekde olara maddy we gaýry kömek bermek boýunça ýaş maşgalalary, ozaly bilen kem üpjünçilikli ýa-da doly däl maşgalalary goldamak syýasaty öňe sürülýär.
Hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berlende, öý hojalygyny edinmekde, öýde ulanylýan uzak wagtlaýyn peýdalanylýan närseleri edinmekde, hünär bilimi edaralarynda tölegli esasda okamagy üçin töleg geçirmekde ýaş maşgalalara ýeňillikleri bellemek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýaş maşgalalara bilim, lukmançylyk-durmuş, durmuş-hukuk, psihologiýa-mugallymçylyk, maglumat, maslahat beriş we beýleki hyzmatlar çygryny giňeltmek maksady bilen ýaşlar üçin durmuş gulluklarynyň ulgamyny döretmek bilen bagly ugurlar boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda gender ugurly saglygy goraýşy üpjün etmek diýen strategik ugur boýunça maşgalany meýilleşdirmegiň çygrynda hyzmatlary etmegiň çäginde professional hünärmenleri taýýarlamak üçin saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamyna usulyýet goldawyny bermek, ýaşlar bilen maşgalany meýilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek we ösdürmek boýunça maslahatlaryň ulgamyny kämilleşdirmek, ýaly çäreler göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň maşgala durmuşy bilen baglanyşykly sowatlylygynyň ýokarlanmagyna, dünýägaraýyşlarynyň giňemegine, jogapkärçilikleriniň ýokarlanmagyna ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 08-nji ýanwaryndaky 2080 belgili karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaşlaryň maşgalalarynyň arasynda nika bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen, “Maşgalam-baş galam” ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmek, ýaşlaryň maşgalalaryny we köp çagaly maşgalalary goldamak, şol sanda çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmek işlerini alyp barmak, ýaşlaryň maşgalalaryna, önelgesiz maşgalalara, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli ýaşlara şypahanalarda ýokary hilli bejeriş-sagaldyş hyzmatlaryny bermegi guramak ýaly çäreleri hem göz öňünde tutulan.
Milli Liderimiz “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly kitabynda “Maşgalamyzda türkmençilik ýörelgelerine hormat goýmagy öwreden atam-eneme hemişe minnetdar bolýaryn. Ýurt Baştutany bolsam hem, türkmen maşgalasyndaky asylly häsiýetleri gözden salmazlygyň her birimize, şol sanda özüme hem degişlidigi barasynda köp oýlanýaryn.” diýip belleýär.
Umuman «Maşgala» düşünjesi hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserleriniň her biriniň, her bir çykyşynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Goý, ol çeper eser ýa başga ugurlar boýunça ýazylan eserler bolsun, parhy ýok, Arkadag Prezidentimiziň döwet galamyna degişli kitaplarynda maşgalanyň tutuş jemgyýetiň esasydygy baradaky pikir bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Diýmek, ata-babalarymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklary, şol sanda maşgala gymmatlyklary mynasyp dowam etdirilýär, kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Bu işleriň ählisi Garaşsyzlyk döwrüniň sagdyn jemgyýetini kemala getirmekdäki möhüm ädimlerdir.
EDEBIÝAT
1. G.Berdimuhamedow. Enä tagzym – mukaddeslige tagzym.Aşgabat, 2018.
2. Türkmenistanyň Maşgala kodeksi.// 10.01.2012ý. № 258-IV.
3. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. (rejelenen görnüşi) (09.10.2017ý. № 617-V, 25.09.2020ý. №297-VI Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary esasynda girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler bilen ) // – Aşgabat:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020ý.
4. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny.29.08.2013ý. № 423-IV. (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 53-nji madda)
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy.
6. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 08-nji ýanwaryndaky 2080 belgili karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy.
Döwlet Amanmyradow
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň
Baş derňew müdirliginiň müdiri
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi