27.08.2022
Watan mukaddesdir, onuň duzy-da, suwy-da, topragy-da müň bir derde dermandyr. Bizi ata Watan, ene toprak bilen diňe bir göbek ganymyz däl, eýsem, topraga döken alyn derimiz, ata-babalarymyzyň bizi penalap, ýelden-suwdan goraglap, üstümizde ganat gerýän ruhlary-da birleşdirýär.
Müňýyllyklaryň dowamynda gahrymançylyk türkmen ýigitleriniň ganyna siňip, milli häsiýetlerimiziň naýbaşylarynyň birine öwrüldi. Damarynda watansöýüjilik gany aýlanan pederlerimiz Watan ugrundaky söweşlerde mertlik görkezip, gahrymançylygyň, kasama wepalylygyň, lebze ygrarlylygyň belent nusgasyny, gaýtalanmajak mekdebini nesillere miras galdyrypdyrlar. Damarynda türkmen gany aýlanýan ynsan üçin göbek ganyň daman ýeri ykbal örküjidir, onda geçmişimiz, geljegimiz bardyr. Watan türk- meniň hany-manydyr, genji-känidir. Watan diýlen ol belentlige bolan söýgiň seniň diriligiňden, buýsançly seriňden, jan-jigeriňden güýç alýandyr. Ol seniň göwräňe şirin jan bilen ornan iň päkize, iň ajaýyp duýgularyň synmaz sütünidir. Ömri şu berklige daýanýan her bir türkmen beýikdir. Türkmen beýikliginiň jemi bolsa, mukaddes Watanymyzy beýgeldýär.
Bu günki bagtyýar ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerip, watan- söýüjiligi, halallygy, sagdynlygy, zähmetsöýerligi özlerine ýörelge edinýärler.
Medetmuhammet RAHMANNAZAROW, Mary etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.