«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlarda öňegidişlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän ekerançylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýär.
Alym Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, IT programmalary oba hojalygynda, senagatda öndürijilik kuwwatyny hemde önümiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen giň gerimde ulanylýar.
Häzirki kompýuter tehnologiýalarynyň we ýokary tizlikli internetiň döwründe oba hojalygyny hem tehnologiýa hökmünde göz öňüne getirmek kyn däldir. Bu günki günde oba hojalygy diýlende, ilkinji bolup, ýaşyl ekin meýdanlary, uly fermalar we maldarçylyk üçin giň sähralar bilen traktorlar, kombaýnlar we ýyladyşhanalary göz öňüne gelýär.
Häzirki zaman obalarynda tehnologiýalaryň ösüşi islendik industrial şäher bilen deňleşip bilýän derejä baryp ýetdi.
Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň oba hojalygynda IT hünärmenleri çalt we ýokary hilli önüm öndürmekde uly üstünlikleri gazandylar. Indi oba hojalyk işleri bilen traktorly daýhanlaryň ýerine kompýuteriň we sensorly panelleriň öňündäki adamlar meşgullanýarlar.
Dünýäniň oba hojalyk tejribesinde robotlar täze işçi güýji hökmünde giň gerimde ulanylýar. Olar esasan iki topara — açyk we ýapyk giňişlikdäki robotlara bölünýärler. Ýapyk giňişlikdäki robotlar kärhanalarda önüm öndürijilik kuwwatyny güýçlendirmekde ulanylýan bolsalar, açyk giňişlikdäki robotlar — dürli miweleri we gök, bakja ekinlerini ýygnamak, ösümliklere we öý haýwanlaryna ideg etmek ýaly işleri ýerine ýetirmäge ukyplydyrlar.
Ekerançylygyň we maldarçylygyň dörän iň gadymy mekanlarynyň biri bolan Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek babatynda milli usullarymyz bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagy netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Alym Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde oba hojalygynyň ösüşi iň ýokary derejä ýetdi. Muňa mysal edip, häzirki wagtda ýurdumyzda Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen birlikde howanyň üýtgemegine garşy we suw resurslaryny kadaly ulanmak bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilişini görkezse bolar. Şeýle-de ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalygyny hem sanly ulgama geçirmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda dürli innowasion tehnologiýalaryň we täze programmalaryň ulanylmagy geljekde ýurdumyzda oba hojalygynyň öndürijilik kuwwatyny artdyrmakda, wagt we maddy çeşmelerini tygşytlamakda örän uly orny eýelär.
Kerim SAPAROW, Darganata etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist