ÝAŞ MAŞGALALARA DÖWLET GOLDAWY

21.11.2022

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Döwlet Maslahatynda il-ýurt bähbitli meselelere garalyp, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwletli kararlar kabul edildi. Halkymyzda uly buýsanç we hoşallyk duýgularyny döreden şeýle kararlaryň biri-de, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hasda gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky Kararynyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak baradaky Karardyr.

Arkadagly Serdarymyz Döwlet Maslahatyndaky çuň manyly çykyşynda: «Biz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär» diýip belledi.

Kanunyň rejelenen görnüşinde äraýalyň ýaşy 35 ýaşa ýetmedik maşgalanyň, çagaly, 35 ýaşa ýetmedik bir ata ýa-da ene terbiýeleýän, doly bolmadyk maşgalanyň ýaş maşgala diýlip bellenilip, olara döwlet goldawynyň kesgitlenilmegi jemgyýetiň möhüm düzüm birligi hökmünde ösüp-örňäp gelýän ýaş maşgalanyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Degişli Kanunda ýaş maşgalalara ýaşaýyş jaý meselelerini çözmekde olara maddy we gaýry kömek bermek boýunça, ozaly bilen üpjünçiligi pes ýa-da doly däl maşgalalary goldamak, sagdyn önelgelik, howpsuz enelik, çagalary terbiýelemek we ösdürmek meseleleri boýunça ýaş maşgalalar bilen aň-bilim işini guramak, maşgala we çagalar dynç alşy hem-de syýahatçylyk çygrynda çäreleri guramak we geçirmek bellenendir. Döwlet goldawynyň hatarynda hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berlende, öý hojalygyny edinmekde, öýde ulanylýan uzak wagtlaýyn peýdalanylýan serişdeleri edinmekde, hünär bilimi edaralarynda tölegli esasda okamagy üçin töleg geçirmekde ýaş maşgalalara ýeňillikli karz serişdelerini bermek, daýhan hojalygy guralanda ýaş maşgalalara ýerden peýdalanmagyň we suwdan peýdalanmagyň ýeňillikli tertibini bellemek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ýaş maşgalalara bilim, lukmançylyk-durmuş, durmuş-hukuk, psihologiýa-mugallymçylyk, maglumat, maslahat beriş we beýleki hyzmatlar çygryny giňeltmek maksady bilen, ýaşlar üçin durmuş gulluklarynyň ulgamyny döretmek hem görkezilendir. Munuň özi ýaş maşgalalaryň önüp-ösmeklerine, olaryň Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlar yny goşmaga uky ply nesilleri kemala getirmeklerine kömek eder. Ýaşlar üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun.

 

 

Merdan BEGLIÝEW, Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.