IL SAGLYGY ÄHLI ZATDAN ILERI

25.11.2022

Ýurdumyzda ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yzygiderli aladalara beslenýär, döwrebaplaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken bu taryhy Karary Alym Arkadagymyzyň ýiti zehini, yhlasy we paýhasly garaýyşlary siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda beýan edilen wezipeleriň üstünlikli netijelere beslenýändiginiň buýsançly beýanydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin öňümizde täze, belent maksatlary goýýarys» diýen dürdäne sözleriniň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň dabaralanmasydyr.

Raýatlarymyzyň sagdyn we sapaly durmuşda bagtyýar ýaşamaklary üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.

 

Gülsoltan REJEPGULYÝEWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň umumy bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.