BAGT BERÝÄN BAÝRAM

08.01.2023

Şu günler gözelligiň, ak arzuwlaryň, täzelikleriň we garaşylmadyk ýakymly sowgatlaryň baýramynyň — Täze ýylyň gelmegi bilen bagly Diýarymyzyň çar künjegi toý lybasyna beslendi.

Taryhy çeşmelere görä, bu baýramçylyk ilkinji gezek gadymy Mesopotamiýada biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllykda bellenilipdir. Täze ýyl baýramy dekabr aýynyň 31-inden ýanwar aýynyň 1-ine geçilýän gije däl-de, ýaz paslynyň ýa-da güýz paslynyň başynda bellenilipdir.

Täze ýyl arçasy baradaky ilkinji ýazuw maglumaty biziň eýýamymyzyň XVI ýüzýyllygyna degişlidir. Onda Strasburgda nemes halkynyň arçalary ir-iýmişler we dürli reňkli kagyzlar bilen bezändikleri beýan edilýär.

Ýaponiýada Täze ýyly garşylamaga taýýarlanylýan döwürde dükanlaryň penjireleriniň öňi arça we Aýazbabanyň keşbi bilen bezelýär. Ýary gije ybadathanalarda jaňlar 108 gezek urlandan soň, Täze ýyl gelýär. Şol wagt ýaponlar gülüp başlaýarlar. Olar gülkiniň ýylyň dowamynda üstünlik getirjekdigine ynanýarlar.

Gresiýada köp asyrlardan bäri dowam edip gelýän bir däp bar. Däbe görä, öýüň maşgalabaşysy ýary gije daşary çykýar we naryň miwesini diwara urýar. Eger şonda onuň däneleri bütin howla ýaýrap gitse, ol Täze ýylda maşgalanyň bagtly ýaşajagynyň alamaty diýlip kabul edilýär.

Wýetnamda Täze ýyla «Tet» diýilýär. Ony 21-nji ýanwar bilen 19-njy fewral aralygynda garşy alýarlar. Olaryň ynanmaklaryna görä, Hudaý Täze ýylda ýokary uçup gidýärmiş we bolýan öýüniň her bir agzasyna tamamlanyp barýan ýyly nähili geçirendikleri barada gürrüň berýärmiş.

Braziliýada hem bu baýramy garşylamagyň özboluşly aýratynlygy bar. Günorta Amerikada ýerleşýän bu ýurduň zenanlary ummanyň suwa düşülýän ýerleriniň kenarlaryndaky çägäniň üstünde müňlerçe şemleri ýakýarlar. Olar şol gün uzyn köýnek geýýärler we şol durşuna suwa girip, gülleriň ýapraklaryny ummana oklaýarlar.

Awstraliýada Täze ýyl baýramy bellenilýän döwürde gar bolmaýar. Bu ýurtda Aýazbabanyň garda typyp ýöreýän arabasyny çeker ýaly sugun-da, arça-da ýok. Şonuň üçin hem bu ýerde geçýän dabaralara Aýazbaba suwa düşülýän eşikde gelýär. Onuň başynda gyzyl papagy, eňeginde bolsa ak sakgaly bolýar.

Ähli halklarda hem Aýazbaba ýa-da Santa Klaus Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlary bolup, sowgat paýlaýarlar we hemmelere gowy arzuwlary edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda toýlary-toýa ulaşýan ýurdumyzda ähli baýramlaryň uludan tutulyşy ýaly, Täze ýyl baýramy hem ajaýyp dabara bilen garşy alynýar.

Goý, halkyna eşretli durmuşy peşgeş berip, ýurdumyzy rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basylýan Täze ýyl mähriban halkymyz üçin abadançylygyň, bagtyýarlygyň, rysgal-berekediň, uly üstünlikleriň ýyly bolsun!

 

Aýbölek NURSÄHEDOWA, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.