21.03.2023
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýermek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asudalyga, ösüşlere, üstünliklere beslenen günlerinde röwşen geljegine tarap ynamly barýan Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli, döwletli tutumlara, beýik işlere şaýat bolanyňda, bir mizemez hakykata, ýagny agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlar boýy eden arzuwlaryna ýetendigine buýsanç bilen göz ýetirýärsiň.
Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ruhy-medeni galkynyşyny üpjün edýän giň gerimli özgertmeleri oýlanyşyklydygy, anyk mümkinçiliklere eýedigi, toplumlaýyndygy bilen haýran galdyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şäherleriň, şäherçelerdir obalaryň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmakda, täze şäherçeleridir obalary gurmakda, sanly ykdysadyýete, sanly bilime geçmekde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler munuň kepilidir.
Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtamak ýakymlydyr. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem bu mizemez hakykatyň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle-de munuň özi täze taryhy eýýamyň rowana ak ýollary bilen röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýan zähmetsöýer türkmen halkynyň, aýratyn-da, ýurdumyzyň ýaşlarynyň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy has-da gülletmek maksatlarynyň, höwesleriniň egsilmezdigini ýene bir ýola dünýä ýaýýar.
Taňryguly Pürliýew, Düzediş edarаlarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.