SAGLYGYŇ GORAGYNDA

25.03.2023

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabine- tiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken taryhy Karary esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaş- magynda 15-nji martda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklaryna badalga berilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň çuň mazmunly şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Alym Arkadagymyzyň yhlasy hem zehini siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň dabaralanmasydyr

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny dikeltmäge, netijeli öňüni alyş çärelerini amala aşyrmaga, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş binalaryny gurmaga gönükdirilen beýik işlerini dowamata besleýän ýurt Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli sahawatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

 

Begnazar KARAJANOW, Mary welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi,    3-nji derejeli ýurist