HALKYŇ JEBISLIGI DÖWLETIŇ BAGTYÝARLYGY

29.03.2023

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurujylary bolan halkymyz bu beýik Döwletiň mukaddesligine, eldegrilmesizligine aňryýany bilen akyl ýetirip.jebis, akýürekli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet we jemgyýetçilik işlerine jogapkärçilikli çemeleşip, döwrüň sesine ses goşup, Watanymyzy mundan-da belent derejelere ýetirmek ugrundaky tagallalary işjeň goldaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň agzybir halkyny has netijeli ösüşlere ruhlandyrmak üçin döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlip bellenilendir. Bu kada- dan ugur alnyp, halk häkimiýetliligini has- da pugtalandyrmak maksady bilen, ýokary wekilçilikli edara — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilen saýlaw ulgamynyň hereket etmegi halk häkimiýetliligi- niň pajarlamagyna gönükdirilendir.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bu ýokary wekilçilikli edaranyň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik piki- rini nazara almak ýörelgelerine eýerýändigi görkezilen.

Ýörelgeleriň ilkinjileriniň hatarynda görkezilen demokratiýa barada aýdylan- da, Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi bellenilip, ýurdumyzyň demokratik syýasy düzgüne eýerýändigi nygtalýar. Döwletiň we hukugyň nazaryýetine laýyklykda, haýsydyr bir döwletiň syýasy düzgüniniň görnüşini kesgitlemegiň esasy ölçegleri, şol döwlet tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň kepillendirilişiniň hem goralyşynyň dereje- si, şonuň ýaly-da döwletiň öz häkimlik ygtyýarlyklaryny amala aşyrmakda ulanýan serişdeleriniň we usullarynyň häsiýeti, ugur alýan ýörelgeleri bolup durýar. Şonuň bilen birlikde-de, halkyň döwlet häkimiýetini döretmeklige we oňa gözegçilik etmeklige neneňsi derejede işjeň gatnaşýandygynyň-da döwletiň syýasy düzgüniniň görnüşini kesgitlemekde uly ähmiýeti bardyr. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahaty raýatlaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmak bilen baglanyşykly işlere gatnaşmaga bolan hukuklarynyň dabaralanmagydyr.

Demokratiýa düzgüniniň ähli çäreleri şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini we kämilleşmegini mümkin boldugyndan üpjün etmäge gönükdirilýär. Şeýle syýasy düz- gün tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary diňe bir ykrar edilmän, eýsem, juda berk derejede kepillendirilip, halkyň işjeň gatnaşmagynda, göni hem wekilçilikli demokratiýa ýörelgeleriniň esasynda döredilen döwlet edaralary tarapyndan üpjün edilýär we goralýar. Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýo- kary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem ilatyň giň gat- laklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döredilendir.

Bu ýokary wekilçilikli edaranyň işiniň aýanlyk ýörelgesi, munuň özi ýurdumyzda döwlet bilen halkyň bir bitewüligini alamatlandyrýar. Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hem- meleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket etmeýändigi baradaky kadalardan ugur almak bilen, bu ýokary wekilçilikli edara tarapyndan kabul ediljek kararlaryň aýanlyk ýörelgesi esasynda hemmeleriň dykgatyna ýetirilmegi ýokarda agzalan iki mukaddesligiň jebisligini has-da pugtalandyrar. Adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmagyň, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmagyň we kabul etmegiň, jemgyýetçilik pikirini nazara almagyň ýörelgeleriň hatarynda görkezilmegi-de kabul ediljek kararlarda hut halkyň ýürek sesiniň boljakdygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 83-nji maddasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, bu ýokary wekilçilikli edara kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyň berilmegi kanun çykaryjylyk işine halk köpçüliginiň gatnaşygyny has-da ýokarlandyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 11-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda: «Biziň ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy hem döwre görä yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Bu işler şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmek- de we dolandyrmakda toplan baý tejribesi, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge, hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertleri döredýär» diýip belläp geçdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän oňyn özgertmeler halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmak, Watanymyzy gülledip ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýär.

 

Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.