KÄMIL KANUNÇYLYK — BERK BINÝAT

16.04.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerýär. Ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hem-de oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basmagy bilen, kanunçylygy hem-de döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň biziň önümizde esasy wezipe bolup durýandygyny belledi. Dünýäde üýtgäp duran ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durmuşa ge- çirilip başlanan özgertmeleriň bizden döwlet-hukuk institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, täze kanunlary gaýra goýman kabul etmegi, olary örän çalt durmuşa ornaşdyrmagy. Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynda Konstitusiýanyň jemgyýetdäki ornuna we ähmiýetine täzeden garamagy talap edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz geçirýän her bir Hökümet maslahatynda, mejlisinde Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň okgunly öňe barýan dünýäniň, halkara jemgyýetçiliginiň ösüşlerinden birjik-de yza galmaly däldigi- ni häli-şindi tekrarlaýar v№ bu babatda zerur bolan çäreleri haýal etmezden durmuşa ornaşdyrmaga girişýär. Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizde ýurdumyzy mundan beýläk bedew bady bilen ösdürmäge netijeli täsir edýän, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň höküm sürmegi üçin çäksiz tagallalar edilýär. Bu ugurda Türkmenistan oýlanyşykly we anyk kesgitlenen teklipleri yzygiderli öňe sürýär. şol teklipler bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ýörelgesiniň nobatdaky döwür üçin esasy ugurlary 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýa- da kesgitlenildi. Bu resminama sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundan beýläk-de peýdalanmak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologik ulgamlarda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda netijeli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, bu Konsepsiýa ählumumy durnukly ösüşe, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.

Dürli ugurlarda bilelikde durmuşa geçirilýän we amala aşyrylýan taslamalar, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar Birleşen Mil letler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň depginli häsiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 77- nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisinde biragyzdan kabul edilen 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama bar. Milletler bileleşigine agza ýurtlaryň 68-si bu resminamanyň awtordaşy boldy. Şeýle hem geçen ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji umumy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini ýatlamak gerek. 2022-nji ýylyň 15-nji martynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyz tarapyndan teklip edilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamany kabul etdi. Bu resminama möhüm ekologik meseleleri çözmäge, halkara derejede sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge Watanymyzyň goşan-dynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi-niň subutnamasydyr.

 

Arslan BABAKULIÝEW, Boldumsaz etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.