MANYLY ÖMÜR

05.06.2023

Eger sözde gudrat, keramat bar bolsa, şol gudrat ene diýen sözden başlanýar. Hemme zat eneden başlanýandyr. Ýaşaýyş eneden başlanýar. Ene mukaddeslikdir, edil şonuň ýaly ene hakdaky gürrüň hem mukaddesdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ene diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Kalbymyzda mydamalyk orun alşy ýaly, eneli günlerimiz bizi durmuşda-da köp zatlara borçly edýär. Biz islendik işiň başyna barmazdan ozal, ejemiz bilen maslahatlaşmaga, onuň ak patasyny almaga howlugýarys. Çünki eneleriň ak pata bermegi bilen başy başlanan işleriň şowuna bolýandygyny durmuş hakykaty ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda subut edip gelýär.

Pygamberimiz: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýip aýdyp geçipdir ahyryn. Eneler hakda kän-kän eserler ýazyldy. Çeper hem-de dokumental filmler surata düşürildi. Şol mähribanlara bagyşlanan goşgulardan aýdymlar döredi. Enelere bagyşlanan her bir işde, onuň keşbini mynasyp döredip bilmekde uly jogapkärçilik bar. Nusgalyk işleri bilen eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişlerine goşant goşup, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirýän hem olary il hataryna goşup, Watanyň ygtyýaryna berýän hem eneler. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi, ähli türkmen halkynyň käbesi bolup kalplarda orun alan Ogulabat ejemiziň ýaşan manyly ömri biziň ählimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Beýik Biribar özüniň gowy gören, ömrüniň her bir gününi peýdaly işlere bagyş eden bendesine uzak ömür berermiş diýýärler. Bu dogrudyr. Sebäbi Ogulabat eje zenan hökmünde bagtyýar maşgalanyň eýesi, döwletli ojagyň söýesi bolmagy başarypdyr. Alty çagasyny iline-gününe, Watana wepaly, zähmetsöýer, aňly-düşünjeli, ylymly-bilimli adamlar edip terbiýeläpdir. Özüniň şahsy göreldesi bilen perzentlerinde töwerek-daşyňa bolan hormaty, ynsanperwerligi, dost-doganlygy, türkmene mahsus asyllylygy, edep-ekramlylygy, milli däp-dessurlara hormaty kemala getiripdir. Enäniň beýikleri dünýä inderýän beýiklikdigini Ogulabat eje öz durmuşy bilen subut etdi. Mährem ene halkymyza eşretli zamanany, bagtyýarlyk döwrüni bagyş eden mähriban hem Gahryman Arkadagymyzy berdi. Beýik Ogluň enesi bolmak hem beýiklik. Kalby sähra ýaly giň, pähim-parasatly, sabyr-kanagatly eziz käbämiziň türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurt parahatçylygy, il-günüň agzybirligi ugrunda amal eden beýik işlerinde mynasyp goşandy bar. Mähriban enäniň elinden çykan her bir çeper el işi — mukaddes gymmatlyk.

Gahryman Arkadagymyzyň olary aýratyn gadyr goýup sarpalaýandygyna biz kän gezek şaýat bolupdyk. Täze ýylyň buşlukçysy bolup, täze dünýä inen taýçanagyň boýnuna hormatly Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakan pursatlary enä bolan belent hormatsarpanyň, milli gymmatlyklara söýginiň beýik nusgasy hökmünde hakydamyzdan baky orun aldy. Şol pursatlar ene mukaddesliginiň, tebigat bilen ynsan oglunyň bitewüliginiň ajaýyp sazlaşygy bolup göz öňümizde janlanýar. Ogulabat eje mähribanlygy, hamraklygy, sadalygy, kiçi göwünliligi, merdanalygy, maşgala ojagyna wepalylygy, okumyşlygy, çeper el hünärine ussatlygy bilen ähli enelere nusgalyk mekdep boldy. Onuň il bähbitli, ýurt ähmiýetli wakalardan habarly bolmagy, ýurdumyzda hereket edýän kada-kanunlary bilmegi, kitaplary, gündelik neşirleri yzygiderli okamagy sowatlylygyny, okumyşlygyny aňlatsa, ýürek mährini siňdirip, sünnäläp bejeren ajaýyp kürtesi, inçelik bilen ören gülli joraby çeper el işlerine ussatlygyndan nyşan.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde bu pursatlary: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat ýaly» diýip ýatlaýar. Dünýäde eneler haçan bagtly bolýarlar? Haçan-­da perzentleri il-günüň derdine ýarap, ynsanlaryň alkyşlaryna mynasyp bolan halatynda. Perzentleriniň ile-güne haýyrly adamlar bolup ýetişendigini gören, giden bir halky täze bir eýýama atarmagy başaran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halk bilen bile geçýän ykbal ýolunda ak pata bermegi, dogadilegleri bilen mähriban käbämiz Ogulabat ejäniň eneligiň bagtly pursatlaryny ýaşandygyna güwämiz päk. Adamlaryň, il-günüň alkyşyny almakdan ýokarda näme bar?! Eýsem, ömrüni il-günüň abadançylygy, halk agzybirligi, ýurt asudalygy, halal zähmetiň dabaralanmagy üçin ýaşan, ýurduň ykbalyny öz perzentleriniň ykbalyndan aýry görmedik mähriban käbäniň ömri, ömürlere nusgaly. Tutuş milletiň enelerine, gelin-gyzlaryna ýagşylykda, halallykda, asyllylykda, pespällikde, mähribanlykda, işeňňirlikde, adamkärçilikde görümgörelde bolup, olara beýik döwre görä ýaşamaga, döretmäge, Watan diýen mukaddesligi gözleriniň görejine deňäp söýmäge itergi, ruh beren käbäniň nusgalyk işleri her bir zenanyň hakydasynda ýaşar. Ylahy yhlasy bilen ýüreklerde öçmejek yz goýan eziz käbämiz baradaky ýakymly ýatlamalar soňsuzdyr, bakydyr. Onuň waspy aýdymlarda ýaňlanyp, asyrlara uzar.

 

Aýbölek Nursähedowa,  Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist