YNSAN SAGLYGY-DÖWLETIŇ BAÝLYGY

08.06.2023

Ynsan ömründe jan saglygyň belli bahasy ýokdur. Hut şonuň üçin-de adamlar tanyş-bilişleri bilen duşuşanlarynda ilki bilen, birek-biregiň saglygyny soraşýarlar, hoşlaşanlarynda hem saglyk-salamatlyk arzuw edýärler. Bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýan berkarar döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Raýatlara saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasy esasynda ýeňillikli lukmançylyk hyzmatlary bilen birlikde, derman serişdeleri berilýär. Paýtagtymyzda, we-I aýatdyr etrap merkezlerinde gurulýan dürli saglyk merkezleri, saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, sport-sagaldyş, bedenterbiýe meýdançalary halkyň saglygy hakynda edilýän aladalardan nyşandyr. Berkarar döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan şeýle tutumly işler geljekde sagdyn nesliň kemala gelmegine ýardam edýär.

Ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek-de hormatly Prezidentimiz bagtyýar raýatlarymyza, esasan hem, ýaşlara görüm-görelde, nusga bolup durýar. Welaýatymyzda hem köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Bu döwrebap saglygy goraýyş merkezleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar we lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy.

Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent başlangyçlary rowaçlyga beslensin!

 

Didar Aşyrow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.