SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR

12.06.2023

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagal- lalary bilen ýurdumyzda raýatlarymy- zyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimizde adamlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen, ilat arasynda dürli mazmunly wagyz-ündew, düşündiriş çäreleri alnyp barylýar. Olaryň sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde ähmi- ýetiniň uludygyny belläp geçmek gerek.

Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanper- wer syýasatda halkymyzyň saglygy döw- letimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gym- matly baýlygy hökmünde kesgitlenendir. Sebäbi jemgyýet sagdyn bolanda, döwlet hem gülläp ösýär. Sagdyn durmuş ýörel- gesini ornaşdyrmak, adam saglygyna zyýanly endiklere garşy göreşmek babatda kabul edilýän kanunlar adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Döwrebap kanun­lar alkogolyň, çilimiň we beýleki ýaramaz endikleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek bilen, jemgyýete sagdyn dur- muş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlaryň saglygyny goramaga, berk bedenli nesil- lerimiziň sagdyn ösüp ulalmagyna gönük- dirilendir.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Parahat Amandurdyýew, Magtymguly etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.