ÝAŞLAR— GELJEGI GUTUJYLAR

15.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylyp, milli ykdysady kuwwatymyzyň barha pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylyp, milli ykdysady kuwwatymyzyň barha pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň özenindäki ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamlaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ýörelgeleri bilen berk baglydyr. Ýurdumyzda hünärmenleri taýýarlamak, iş ýerleri bilen üpjün etmek, ýaş hünärmenleri durmuş taýdan goramak çygrynda esasy kadalar we ýörelgeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary, maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary, çäreleri we tärleri kesgitlenilýär. Ýaş raýatlary terbiýelemek, şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin şertler döretmek, ýaşlaryň zähmet bilen meşgullanmaklaryny üpjün etmek we olaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak hem-de ýaşlaryň telekeçiligini döretmek we ösdürmek üçin şertleri üpjün etmek Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň wezipeleri bolup durýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alnyp barylýan tutumly işler, biz — ýaşlary durmuş ösüşleriniň ýolunda ynamly we aýgytly hereket etmäge ruhlandyrýar. Ýaş nesil hakynda ynsanperwer syýasaty alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

 

Gülşat Orazsähedowa

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist