KONSTITUSIÝA – BAGTYÝARLYGYŇ KEPILI

19.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen bagtyýar we eşretli geljegimize, belent sepgitlere, uly üstünliklere tarap öňe barýan Diýarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan, pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan özygtyýarly döwletiň Esasy Каnunу bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyii gününi döwlet derejesinde dabaraly baýram edip belledi.

Konstitusiýa — bu kanunçylygyň kepili, raýat- laryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we özgerişiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär. Konstitusiýa — döwletiň hukuk binýadyny emele getirýän, döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr.

Biziň Konst itusiýamyzyň esasy aýratynlygy ynsa- nyň mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillen- dirilmegidir. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygy bolup durýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda her bir raýat döwlet tarapyndan özüniň aladasynyň edilýän- digini gündelik durmuşynda bolup geçýän wakalarda görýär. Bilim aimak, zähmet çekmek, erkin dörediji- lik, saglygy goramak, ruhy-medeni taýdan kämilleşmek üçin döredilýän mümkinçilikler, iş haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň yzygi- derli köpeldilmegi, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligi has kämilleşdirmek bilen ýörite döwlet maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda adamyň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň we mizemez kepilidir.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň içeri we da- şary syýasaty bilen bir hatarda, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, ony halkara derejesiniň ülňülerine kybap getirmek maksady bilen, hemmeler tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny kanunçylygymyza yzygiderli ornaşdyrýar.

Milli kanunçylygyň baş maksady halkyň abadançylygynyň hukuk kepili bolup, döwrebap kanunçylyk, hukuk binýady bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň yzygiderli ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

 

Maýa Agaýewa,

Balkan welaýatynyň prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.