ULY MÜMKINÇILIKLERIŇ FORUMY

24.06.2023

Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçirildi. Halkara energetika forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralyp, dünýä- niň meşhur habarlar gulluklarynyň birnäçesi onuň media hyzmatdaşlary bolup çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksat- namalary durmuşa geçirmekde bu halkara maslahatyň ähmiýeti örän uludyr.

Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini halkymyzyň we bütin adamzadyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýan Arkadagly Serdarymyzyň asylly başlangyçlary rowaçlyga beslensin.

 

Guwanç Gutlyýew, Ahal welaýat prokuraturasynyň kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň uly geňeşçisi